Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çehiýa we Slowakiýa halkara ylalaşygyny makullamady


Çehiýanyň we Slowakiýanyň häkimiýetleri kompýuter setinde kontrafakt önümlere we garakçylyga garşy göreş boýunça ýakynda Tokioda gol çekilen halkara şertnamany makullamagy togtatdylar.

Çehiýanyň premýer-ministri Petr Neças goşmaça analiz üçin dokumentleri dörmegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle esas bilen goňşy Slowakiýada-da makullama prosesi saklandy. Mundan öň şeýle karara Polşa häkimiýetleri gelipdi.

Soňky hepde Çehiýada ylalaşyga garşy çykýanlaryň aksiýalar tapgyry bolup geçdi, hökümet edaralarynyň saýtlaryna hakerler hüjüm etdi.

Ylalaşyga garşy çykýanlar şol ylalaşygyň döwlet organlaryna adamlaryň şahsy durmuşyna aralaşmaga mümkinçilik berýändigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG