Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Geňeşiniň missiýasy Moskwa barýar


Sişenbe güni Ýewropa Geňeşiniň Parlament assambleýasynyň wekilleri 4-nji martda geçiriljek prezident saýlawlaryna görülýän taýýarlygyň gidişi bilen tanyşmak üçin Moskwa barýar.

Delegasiýa Tini Koks baştutanlyk edýär, ol dekabrda geçirilen parlament saýlawlarynda-da Ýewropa Geňeşiniň Parlament assambleýasynyň missiýasyna baştutanlyk edipdi.

Delegasiýa dört günlük saparynyň dowamynda Orsýetiň Merkezi saýlaw komissiýanyň başlygy Wladimir Çurow, Orsýetiň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili Wladimir Lukin hem hökümete degişli däl guramalaryň aktiwistleri bilen duşuşar.

Delegasiýanyň Orsýetiň prezidentligine kandidatlar bilen duşuşygy-da planlaşdyryldy.
XS
SM
MD
LG