Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýada ählumumy iş taşlaýyş geçirilýär


Gresiýanyň paýtagty Afinada geçirilen protestler mahalynda, 7-nji fewral.
Gresiýanyň paýtagty Afinada geçirilen protestler mahalynda, 7-nji fewral.
Gresiýada 24 sagatlyk ählumumy iş taşlaýyş geçirilýär. Işçiler ýurtda milli defoltyň öňüni almak üçin planlaşdyrylýan berk býujet tygşytlamasyna garşy çykyş edýärler.

Maglumatlara görä, sişenbe güni mekdeplerde, ministrliklerde, hassahanalarda we banklarda iş wagty ep-esli gysgaldylypdyr. Afinada bolsa awtobuslaryň we metrolaryň işi togtadylypdyr.

Howa gatnawy adaty ýagdaýda hereket edýär.

Bu iş taşlaýyş Gresiýanyň syýasy liderleriniň reforma meselesi boýunça Ýewropa Bileleşigi, Halkara pul gaznasy we Ýewropanyň Merkezi Banky bilen geçirýän gepleşikleriniň üçünji gününe gabatlandy.

130 milliard ýewrolyk täze krediti almak üçin Gresiýa çykdajylaryny azaltmaly, zähmet kanunçylygynda we bank sistemasynda reforma geçirmeli.

Täze krediti alyp bilmedik ýagdaýynda, Gresiýa 20-nji marta çenli defolt yglan edip biler.
XS
SM
MD
LG