Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Argentina Britaniýanyň üstünden şikaýat etmekçi


Argentina Beýik Britaniýanyň üstünden BMG-e şikaýat etmekçi diýip, Argentinanyň prezidenti Kristina Fernandes De Kirşner aýtdy.

Kirşner sişenbe güni parlament agzalary we 1982-nji ýyldaky urşuň weteranlary bilen duşuşygynda “Folklend adalary etrabynda britan harbylarynyň artyp, güýçlenmegi şeýle karara sebäp boldy” diýdi.

Şol adalara Argentina dalaş edýär. Bu ýerde gürrüň Argentina tarapyndan Malwin adalary diýlip atlandyrylýan etraba harby gämiler ugratmak barada ýakynda Londonyň gelen karary barada barýar.

Soňky hepde Argentina we Beýik Britaniýa Folklend adalaryndaky harby konfliktiň 30 ýyllygynyň öňýany biri-birine diplomatik hüjüm etdiler. Şol konfliktde britan goşunlary argentin armiýasynyň Folklendi eýelemäge eden synanyşygyny serpikdiripdi.
XS
SM
MD
LG