Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýewropa: Dunaý derýasynda gämi gatnawy ýatyryldy


Bolgariýada, Horwatiýada, Rumyniýada we Serbiýada gazaply sowuk sebäpli Dunaý derýasy boýunça gämi gatnawy ýatyryldy.

Balkan ýurtlarynda galyň gar sebäpli müňlerçe adamyň daşarky dünýä bilen arasy kesildi. Köp etraplarda telefon we elektrik simlerine zeper ýetdi.

Bir hepdeden gowrak wagt bäri dowam edýän häzirki gazaply gyşda howa 36 C gradusa çenli sowady. Ýewropa ýurtlarynda sowukdan 500 töweregi adam öldi, olar esasan öýsüz-öwzarsyz we garyp adamlar.

Iň köp pida çeken ýurtlar Ukraina, Polşa, Wengriýa we Rumyniýa.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG