Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Londonyň sudy dokuz adama höküm çykardy


Penşenbe güni Londonyň sudy şäheriň pul bazaryny partlatmak maksady bilen gurnalan dildüwşükde we söweşijileri taýýarlamak boýunça lager döretmäge synanyşykda aýyplanýan dokuz adama höküm çykardy.

Sud edilenleriň ählisi asly pakistanly we bangladeşli britaniýalylar. Olar “Al-Kaýdanyň” ideýalaryna arka direýän yslam ekstremistik guramasynyň düzümine girýär.

Olaryň altysyna 5-den 15 ýyla çenli, ýene üçüsine bärsinden 8 ýyl türme tussaaglygy berildi. Sudýanyň aýtmagyna görä, olar jemgyýet üçin howp döretmedik halatynda azatlyga çykar.
XS
SM
MD
LG