Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda agitasiýa-propoganda işleri togtadyldy


Anna gününden şenbe gününe geçilýän gije sagat 12-den başlap Türkmenistanda prezidentlik saýlawlary üçin geçirilýän agitasiýa-propoganda işleri bes edildi. Kanuna laýyklykda, ýekşenbe güni geçiriljek saýlawlara çenli hiç bir dalaşgäriň agitasiýa işlerini alyp barmaga haky ýok.

Düýn Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynda bu saýlawlara görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlanyp, nobatdaky gezek maslahat geçirildi.

Bu gezekki prezidentlik saýlawlarynda 8 sany kandidat Türkmenistanyň prezidentligi ugrunda dalaş etmeli. Olaryň arasynda häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem bar.

Bu saýlawlara GDA Bileleşiginden 63 sany synçy gözegçilik eder. ÝHHG guramasy bu saýlawlara gözegçilik etmejekdigini mälim edipdi.
XS
SM
MD
LG