Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Saýlawçylaryň Ligasy” Putiniň propagandasyndan nägile


Orsýetde “Saýlawçylaryň Ligasy” prezident saýlawlarynyň öňüsyrasyndaky kompaniýa barada berilýän gepleşikleriň Orsýetiň kanunlaryny bozýandygyny aýdyp, bu bikanunçylyklary gysga wagtyň içinde aradan aýyrmagy talap etdi.

Bu barada “Saýlawçylaryň Ligasynyň” internet saýtynda çap edilen duýduryşda aýdylýar. Bu hatda Orsýetiň federal telekanallarynda berilýän habarlaryň ählisinde diňe bir kandidatyň – Wladimir Putiniň propagandasynyň ýöredilýändigi nygtalýar.

Şeýlelikde, Orsýetiň federal telekanallary Putiniň saýlaw toparynyň bir bölegi ýaly iş alyp barýarlar diýip, “Saýlawçylaryň Ligasy” belleýär.

“Bu kanuny bozmalar ýurtda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň adalatlylygyny sorag astyna goýýar. Bu bolsa hem hökümete, hem jemgyýetçilige juda ýaramaz täsirini ýetirer” diýlip, “Saýlawçylaryň Ligasynyň” hatynda bellenilýär.
XS
SM
MD
LG