Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň premýeri diplomatlara hüjümde Eýrany aýyplaýar


Hindistanyň resmileri wakada maşyn sürüjisiniň we ysraýylly diplomatyň aýalynyň ýaralanandygyny habar berdiler.
Hindistanyň resmileri wakada maşyn sürüjisiniň we ysraýylly diplomatyň aýalynyň ýaralanandygyny habar berdiler.
Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu özleriniň Hindistandaky we Gürjüstandaky diplomatlaryna garşy hüjümleriň gurnalmagyna Eýranyň dahylynyň bardygyny aýdýar.

Ysraýyl resmileriniň beren maglumatlaryna görä, 13-nji fewralda Nýu-Delide bolan bomba partlamasynda Ysraýylyň ilçihanasynyň ulagyna zeper ýetipdir.

Hindistanyň resmileri bu wakada maşyn sürüjisiniň we diplomatyň aýalynyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Gürjüstanyň Içeri işler ministrligi hem Ysraýyl ilçihanasynyň işgärleriniň biriniň ulagynda bombanyň tapylandygyny tassyklady. Polisiýa bombany zyýansyzlandyrdy.

Geçen aý hem Ysraýylyň Tailanddaky we Azerbaýjandaky ilçihanalaryna hüjüm etmek synanyşyklary boldy. Ýöne olar başa barmady.

Şu günler Ysraýylyň daşary ýurtlardaky diplomatlaryna abanýan howpuň ýokarlanmagy sebäpli, olar ýokary hüşgärlik ýagdaýyna getirildi.

Şeýle howpyň artmagyna 2008-nji ýylda “Hizbollah” toparynyň lideri Imad Moh Niýahyň öldürilmeginiň ýyl dönüminiň bellenilmegi we eýranly ýadroçy fizikleriň öldürilmegi bilen bagly Eýran tarapynyň gazaba çykmagy sebäp bolan bolup biler diýlip çaklanýar.
XS
SM
MD
LG