Siriýanyň içindäki aktiwistleriň berýän maglumatyna görä, prezident Başar al-Assada ygrarly güýçler Hama şäherine hüjüme başlapdyrlar. Aktiwistleriň sözlerine laýyklykda, hökümet güýçleri ilatly regionlary harby ulaglardan oka tutupdyrlar.
Emma bu baradaky maglumatlary garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklamak başartmady.
Bu aralykda hökümet güýçleriniň Homs şäheriniň gabawyny dowam etdirýändikleri barada hem maglumat gowuşýar. Şäheriň gabawy eýýäm 13-nji güne girdi. Homsda düýnüň dowamynda azyndan 20 adamyň öldürilendigi aýdylýar.
Fransiýa Siriýanyň halkyna hemaýat etmek isleýän guramalar üçin bir million ýewrolyk ätiýaçlandyryş fondunyň döredilendigini mälim etdi.
Şol bir wagtda Müsür BMG-niň Baş Assambleýasynda Siriýa boýunça rezolýusiýanyň taslamasyny ýaýradyp başlady. Rezolýusiýada Başar al-Assadyň režimi adam hukuklaryny bozýandygy sebäpli berk ýazgarylýar, şeýle-de Arap Ligasynyň Assadyň häkimiýetden çetleşdirilmegi boýunça öňe süren teklibi goldanylýar.
Mundan öň, 4-nji fewralda, Orsýet bilen Hytaý BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşeinde şuňa meňzeş mazmunly rezolýusiýa weto goýupdylar.
Şu gün Fransiýanyň daşary işler ministri Alen Žüpe bu meselä ünsi çekip, şeýle çykyş etdi:
—Biz häzir Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasyna täzeden seredip, Orsýeti razy etmäge synanyşarys. Biz rezolýusia boýunça Baş Assambleýada hem ses berişlik geçireris. Eger-de dünýäniň 130-140 ýurdy “Adam gyrgynçylygyny bes etmeli” diýse, onda biz Arap Ligasynyň hödürlän planyny berjaý etmeli bolarys.
BMG-niň Baş Assambleýasynda seredilýän rezolýusiýalara weto goýmak diýen ýaly zat ýok, ýöne olaryň berjaý edilmegi hem hökmany däl.
Maglumata görä, Müsüriň hödürleýän rezolýusiýasy boýunça ses berişligiň ertir hem geçirilmegi mümkin. Eger-de rezolýusiýa kabul edilse, onda bu Baş Assambleýanyň Siriýa boýunça iki aýyň dowamynda kabul eden ikilenji rezolýusiýasy bolar.

Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!