Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedowyň täze möhlete inaugurasiýa dabarasy geçiriler


«Frans Press» habar agentligi Türkmenistandaky prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze möhlete inaugurasiýa dabarasynyň şu hepdäniň anna güni geçiriljekdigini habar berýär.

«Frans Press» habar agentligi bu maglumatyň öz adynyň tutulmazlygyny haýyş eden türkmenistanly bir hökümet çeşmesinden alnandygyny aýdýar.

Gaýtadan prezident saýlanan G.Berdimuhamedowyň inaugurasiýa dabarasynyň geçiriljek güni barada Türkmenistanyň öz resmi habar çeşmelerinde häzirlikçe hiç hili maglumat peýda bolmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG