Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýranyň aňtaw edarasyna garşy sanksiýa girizdi


Birleşen Ştatlaryň Maliýe ministrligi Eýranyň iň iri aňtaw edarasyny terroristik toparlary goldaýanlykda, adam hukuklaryny bozýanlykda, öz raýatlaryny gazaply basyp ýatyrýan Siriýanyň hökümetini goldaýanlykda aýyplady we oňa garşy sanksiýa girizdi.

Täze düzgünlere görä, Birleşen Ştatlaryň raýatlarynyň Eýranyň Aňtaw we howpsuzlyk ministrligi bilen haýsydyr bir maliýe hasaplaşyklaryny geçirmegi gadagan .

Şonuň ýaly-da, Eýranyň bu ministrliginiň Amerikadaky islendik emläk bähbitlerine böwet goýulýar. Şol ministrligiň ähli agzalarynyň Birleşen Ştatlara sapary gadagan edilýär.

Amerikanyň Döwlet sekretarynyň terrorizm we maliýe aňtawy boýunça kömekçisi Deýwid Koheniň beýanatyna görä, Eýranyň Aňtaw we howpsuzlyk ministrligi “terroristik toparlary, şol sanda “Al-Kaýdany”, Yrakdaky “Al-Kaýdany”, “Hizbullahy” we “Hamasy” goldap, ýurduň döwlet syýasaty hökmünde Tähranyň terrorizme howandarlyk edýändigini ýene-de bir gezek görkezýär”.
XS
SM
MD
LG