Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2020 Olimpiýa oýunlaryna öý eýeçiligi üçin bäş şäher bäsleşer


16-njy fewralda Halkara Olimpiýa komitetiniň mälim etmegine görä, 2020-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň özünde geçirilmegi üçin bäş şäher bäsleşer. Olar Tokio, Stambul, Madrid, Doha we Baku.

Bu baradaky ses berlişik 2013-nji ýylyň sentýabrynda geçiriler.

Rim hem 2020-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň özünde geçirilmegi bilen gyzyklandy. Emma 14-nji fewralda Italiýanyň premýer-ministri Mario Monti maliýe kepilligini bermekden ýüz öwürenden soňra, Rim bu topardan çykaryldy.
XS
SM
MD
LG