Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow kasamyny täzeledi


Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikilenji möhlet prezidentlige kasam edişlik dabarasynda, Aşgabat, 17-nji fewral.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikilenji möhlet prezidentlige kasam edişlik dabarasynda, Aşgabat, 17-nji fewral.
“Türkmenistanyň täze saýlanan prezidentiniň öz wezipesine girişmegi mynasybetli geçirilýän dabarany açyk diýip yglan etmäge rugsat ediň!”.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geljek bäş ýylda ýurdy dolandyrmak boýunça sapary 17-nji fewralda Aşgabadyň Maslahatlar köşgünde geçirilen dabarada Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Akja Nurberdiýewanyň şu sözleri bilen başlady.

Müňlerçe adamyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň habar serişdelerinde göni efirde görkezilen bu dabarada Nurberdiýewadan soň söz nobaty Türkmenistanyň saýlawlary we sala salyşlyklary geçirmek baradaky merkezi toparynyň ýolbaşçysy Orazmyrat Nyýazlyýewe berildi.

Nyýazlyýew ses berişligiň erkin hem adalatly, şeýle-de halkara standartlaryna laýyklykda geçirilenligini belledi we öz sözüne saýlawlaryň netijesini yglan etmek bilen başlap, şeýle diýdi: “Netijesi şeýle boldy: Batyrow Saparmyrat 0,19 %, Bazarow Rejep 0,28%, Berdimyradow Gurbanguly Mälik… (säginýär), Berdimuhamedow Gurbanguly Mälikgulyýewiç 97.14%”.

Nyýazlyýewiň çykyşyndan soň dabaranyň geçirilýän zalyna Türkmenistanyň baýdagy we Gurhan getirildi. Şeýlelikde, kasam kabul edip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýene bäş ýyllap häkimiýetiň başyna geçýänligi yglan edildi.

Berdimuhamedow bolsa dabaradaky çykyşynda geçen bäş ýylyň dowamynda eden işleri barada gürrüň edip, öz ýeňşini amala aşyran şol işlerine halkyň beren bahasy hökmünde häsiýetlendirdi. Çykyşynyň dowamynda ol, esasanam, ýurdy ösdürmek boýunça 20 ýyllyk döwlet maksatnamasy barada gürrüň edip, onuň nähili maddalary öz içine alýanlygy hemem onuň maksatlary hakda durup geçdi:

—Biziň bu belent maksatlara ýetmegimiz, eziz diýarymyzyň her bir raýatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, halkymyzyň eşretli we bol-elin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge hem mümkinçilik berer.

Berdimuhamedow prezidentlige kasam etdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:07 0:00
Wideo: Berdimuhamedow ikinji möhlet prezidentlige kasam edýär, Aşgabat, 17-nji fewral. (Çeşme: Türkmenistanyň döwlet mediasy)

Prezident Berdimuhamedowyň aýdan bu sözleri zalda oturan we hemmesi diýen ýaly tahýa we birmeňzeş don giýip gelen ýaşulular, hökümet resmileri we dabara gatnaşýan beýleki adamlar tarapyndan aýaga galyp, alkyşlandy.

40 minut töweregi dowam eden bu dabarada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow hem çykyş edip, dabaranyň resmi bölegi-de Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Akja Nurberdiýewanyň sözleri bilen jemlendi. Ondan soňra dabara Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem gatnaşanlygy aýdylýan aýdym-saz bilen dowam etdi.

Şunlukda Berdimuhamedow ýene 5 ýyllyk prezidentlik wezipesine başlady. Kasam kabul edişlik dabaralary geçirilýän bu pursatda halkara guramalar saylawlaryň halkara standartlaryna gabat gelmänligini aýdyp, türkmen resmileri tarapyndan yglan edilen netijelere hem şübhe bilen garaýarlar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýurtda bäsleşikli saýlawlaryň geçirilmegi üçin ýeterlik şertiň ýokdugyny aýdyp, bu çärä gözegçi ibermekden saklanypdy. Şeýle-de düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy, düýbi Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” topary saýlawlaryň erkin we adalatly geçirilenligine ynanmaýan guramalardan diňe käbirleridir.
XS
SM
MD
LG