Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdatda janyndan geçen hüjümçi azyndan 18 adamy öldürdi


Polisiýanyň maglumatyna görä, ýekşenbe güni Bagdadyň polisiýa akademiýasynyň öňünde janyndan geçen hüjümçi bomba partladypdyr. Partlamada azyndan 18 adam ölüpdir, 20-den gowragy bolsa ýaralanypdyr.

Polisiýanyň beren maglumatynda hüjümçi şäheriň gündogarynda gür ilatly, birnäçe hökümet edaralarynyň ýerleşýän ýerindäki polisiýa akademiýasynyň daşynda köçede garaşyp durupdyr. Akademiýanyň binasyndan türgenleşik geçýän bir topar adam çykanda, hüjümçi ulagyny olara garşy sürüp, bombasyny partladypdyr.

Bu hüjüm soňky bir aýyň dowamynda Yragyň paýtagtynda iň köp adam ýitgisi bolan partlama hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG