Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abhaziýanyň lideri hüjümde aman galdy


Aleksandr Ankwab
Aleksandr Ankwab
Gürjüstanyň separatist regiony bolan Abhaziýanyň lideri özüne garşy edilen hüjümde aman galdy.

Gudauta şäherinde amala aşyrylan hüjümde Aleksandr Ankwabyň iki janpenasy öldürildi.

Gowuşýan maglumatlara görä, hüjümçiler Ankwabyň ulag kerweni geçip barýan mahaly ýer minasyny partladypdyrlar. Soňra-da ýaraglardan ot açypdyrlar.

Öz özüni garaşsyz diýip yglan eden Abhaziýanyň prezidentiniň metbugat wekili Kristian Bzhani şeýle çykyş etdi:

— Granatamýotdan we pulemýotdan ot açyldy. Howpsuzlyk işgärleri jogap oduny açmak baradaky netijä geldiler.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG