Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: yzamy ýa öňe?


Kuleý: "Häzir hem şahsyýet kultunyň dabaralanmagy dowam edýär"
Kuleý: "Häzir hem şahsyýet kultunyň dabaralanmagy dowam edýär"
Ýakynda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy 12-nji fewralda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň gutarnykly jemini jemledi. Şol maslahatda saýlawlarda sesleriň 97,14 %-ne Gurbanguly Berdimuhamedowyň eýe bolup, onuň kanuny ýagdaýda ikilenji möhlete prezident saýlanandygy yglan edildi .

Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew “Baza syýasaty" atly kitabyň awtory hem-de ABŞ-nyň Kolumbiýa uniwersitetiniň Barnard kollejiniň professory Aleksandr Kuleý bilen söhbetdeş bolup, Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeden prezidentlige saýlanmagy we munuň ýurduň geljegi üçin nämeleri getirip biljekdigi barada gürrüň etdi.

Azatlyk Radiosy: Ilki bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeden prezidentilge saýlanmagynyň sizde nähili täsir galdyrandygy barada gürrüň berseňiz?

Aleksandr Kuleý
Aleksandr Kuleý
Aleksandr Kuleý: Bu meni hiç geň galdyrmady. Köp ekspertler munyň şeýle boljakdygyny öňünden hem çaklapdylar.

Haçan-da 2006-njy ýylda Berdimuhamedow häkimiýete gelende, ol ýurtda reformalary amala aşyrmagy, syýasy erkinlige ýol bermegi, Türkmenistany has açyk ýurda öwürmegi söz beripdi. Emma, soňky saýlawlardan çen tutulsa, onda baş lideriň kultunyň gaýdyp gelendigini aýtsa bolar.

Berdimuhamedow edil Nyýazowyňky ýaly özüni arşa götermäge ýykgyn etmese-de, meniň pikirimçe, ol bu saýlawlaryň üsti bilen özüni millet tarapyndan goldanylýan, güýçli prezident edip görkezjek boldy.

Azatlyk Radiosy: Aleks, siz geçen saýlawlaryň özüne nähili garaýarsyňyz? Bilşimiz ýaly, resmi maglumata görä, onda ses bermäge gelenleriň sany 96 % töweregi boldy.

Aleksandr Kuleý: Meniň özüm-ä bu 96 % boldy diýilýän görkezijini derňärdim. Bu çendenaşa uly san. Bilýäňizmi Günbatar saýlaw prosesine Türkmenistandan ýa käbir beýleki Merkezi Aziýa döwletlerinden hem tapawutly çemeleşýär. Günbatar saýlawlara syýasy bäsleşik hökmünde garaýar. Saýlawlaryň dowamynda liderler dürli syýasy ugurlar boýunça saýlawçylaryň sesleri ugrunda biri-biri bilen bäsleşýärler.

Ýöne, Türkmensitana ýa-da beýleki Merkezi Aziýa döwletlerine seredilende, onda ol ýerlerde saýlawlar syýasy bäsleşik hökmünde däl-de, syýasy dabaralar hökmünde garalýar. Bularyň üsti bilen liderler özleriniň näderejede meşhurdygyny, özlerine halk arasynda umumy ýeke-täk garaýşyň bardygyny aýan etjek bolýarlar.

Netijede Türkmenistanda saýlawlarda hakyky syýasy bäsleşik geçirilmän, eýsem bir lideriň näderejede meşhurdygy nygtaldy.

Azatlyk Radiosy: Siz ýaňy Türkmenistanda geçirilen saýlawlary “syýasy dabara” diýip atlandyrdyňyz. Saýlawlardan öň köp ekspertler hem Berdimuhamedowyň täzeden saýlanjakdygyny öňe sürüpdiler. Bu ýagdaýda saýlawlary geçirmäge zerurlyk barmydy?

Aleksandr Kuleý: Gaty dogry we juda ýerlikli sorag. Meniň pikirimçe, saýlawlar hem ýurduň içinde hem-de daşynda bir kanunylygyň keşbini döretmek üçin geçirildi. Munuň üsti bilen Berdimuhamedow “häkimiýet başynda men durandyryn” diýen bir habary ilata ýetirdi.

Bu saýlawlaryň halkara tarapy hem bar. Berdimuhamedow bu saýlawlaryň üsti bilen halkara jemgyýetçiligine özüniň kanuny saýlanan ýolbaşçydygyny görkezjek bolýar. Bärde gyzykly belläp geçmeli ýagdaýlar hem bar. Birinjiden, ÝHHG öz gözegçileriniň ol ýerde peýdaly bolmajakdygyny öňe sürüp, saýlawlara diňe birnäçe ekspertini ýolldy. GDA-nyň synçylary bolsa özünden gözegçiler toparyny ýollady. Ol topar hem saýlawlaryň Türkmensitanyň kanunlaryna we özygtyýarlylygyna laýyklykda geçirlendigini belläp beýanat ýaýratdy.

Azatlyk Radiosy: Aleks, käbir ekspertler, guramalar, siz hem ýaňy saýlawlaryň göz üçin geçirilendigini aýtdyňyz. Ýaňky aýdyşyňyz ýaly, saýlawlaryň halkara tarapy hem bar. Orsýet we Hytaý saýlawlaryň düzüw geçendigini aýdýarlar. Günbatar ýurtlary hem saýlawlary tankytlap baranoklar.

Aleksandr Kuleý: Häzir Türkmenistanyň we Türkmenistanyň syýasy durmuşynyň üstünde täze bir syýasy gurşaw emele gelip başlady. Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçensoň, Türkmenistan bilen iş alyp barmak boýunça ýokary derejede halkara bäsleşigi başlandy. Mysal üçin, Orsýet Türkmensitan bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmak ugrunda hereket edýär. Hytaý hem özara hyzmatdaşlygy täze bir derejä ýetirjek bolýar. Günbatar-da özüniň energiýa howpsuzlygyny gazanmak üçin Aşgabat bilen gowy gatnaşyklary saklaýar. Mälim bolşuna görä, häzir Türkmenistan babatynda, esasan hem onuň energiýa resurslary boýunça uly halkara gyzyklanmasy bar. Netijede Türkmenistan syýasy taýdan onçakly bir tankyt hem edilip durlanok.

Azatlyk Radiosy: Indi ýene-de Berdimuhamedowa dolanalyň. Haçan-da ol ilkinji gezek prezidentlige geçende, ol köp reformalary amala aşyrmagy söz berdi. Käbir işler hem edildi. Mysal hökmünde internet üpjünçiligini, bilim reformasyny agzamak bolar. Ýöne käbir ekspertler geçirilen reformalara tankydy seredýärler we bularyň diňe göz üçin edilendigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň bilim ulgamy halkara standartlaryndan telim esse pesde. Bu ugurda entek köp edilmeli işler bar. Sebäbi türkmen studentleri entek halkara derejesinde, hatda Merkezi Aziýa sebtinde-de bäsleşikden yza galýarlar.
Aleksandr Kuleý
Aleksandr Kuleý: Meniň pikirimçe, käbir zatlary üýtgetmek boýunça başda höwesiň bolan bolmagy mümkin. Ýöne wagtyň geçmegi bilen bu tutumdan yza gaýdylyp başlandy. Geliň, aýdyňlyk üçin, käbir mysallary getireliň. Ilki bilen bilim reformasy. Hawa, mekdepler dokuz ýyldan on ýyla getirildi. Sebäbi soňky 20 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň bilim pudagy iň bir elhenç görnüşde ýok edildi. Şu nukdaýnazardan seredilse, bu gowy özgerme. Ýöne şol bir wagtda Türkmenistanyň bilim ulgamy halkara standartlaryndan telim esse pesde. Bu ugurda entek köp edilmeli işler bar. Sebäbi türkmen studentleri entek halkara derejesinde, hatda Merkezi Aziýa sebtinde-de bäsleşikden yza galýarlar.

Internet barada aýdylanda, ilkiler birnäçe internet kafelar açyldy, öýlere hem internedi çekmek mümkinçiligi döredildi. Emma muňa tölenýän baha dünýädäki iň gymmat tölegleriň biri boldy. Şonuň üçin ilatyň köpüsi interenedi doly möçberde ulanyp bilenok.

Azatlyk Radiosy: Aleks, siz Nyýazow bilen Berdimuahmedowy deňeşdirseňiz. Bu ikisiniň arasynda tapawut barmy?

Aleksandr Kuleý: Ilki başda, Berdimuhamedowyň gelmegi bilen, türkmen halkynyň Nyýazow döwri bilen deňeşdirilende has rahat görnüşde ýaşap başlajakdygy çak edildi. Sebäbi Nyýazow diňe bir awtoritar ýolbaşçy däldi, ol sözüň doly manynysynda bir totalitar häsiýetli ýolbaşçydy. Ol özüniň garaýyşlary boýunça jemgyýeti üýtgetmäge synanyşdy. Ol jemgyýeti özüniň doly gözegçiliginde saklamagy niýet edinipdi.

Berdimuhamedow häkimiýete gelensoň, şol döwürde kabul edilen kararlaryň köpüsini düzedip başlady. Mysal üçin, ol ýurtda “Ruhnamanyň” bar bolan täsirini gowşatdy. Bu kitap diňe bir okuw prosesinde öwredilmän, eýse jemgyýetiň ähli ugurlaryna-da zorluk bilen ornaşdyrylypdy. Häzir bu kitap saklanyp galsa-da, onuň täsiri edil öňküsi ýaly däl.

Emma häzir hem şahsyýet kultunyň dabaralanmagy dowam edýär. Berdimuhamedowyň suratlary Nyýazowyňkynyň ýerini aldy. Ýöne, her niçigem bolsa, oňa ozalkylar ýaly “milletiň atasy” hökmünde garalanok, eýse, ol ýurdy döwrebaplaşdyrýan lider hökmünde häsiýetlendirilýär. Nähilem bolsa, şahsyýet kulty entegem dowam edýär.

Nyýazow döwri bilen deňeşdirilende käbir zat üýtgedi, käbir zat hem şol durkuna galdy. Ýöne Berdimuhamedow özüniň amala aşyrmagy beren wadalarynyň köpüsini hem entek ýerine ýetirenok.

Azatlyk Radiosy: Biz bu täze bäş ýyllyk prezidentlik möhletinden nämelere garaşyp bileris?

Bärde esasy kynçylyk häzirki ýetişen nesil bilen bolar. Sebäbi soňky ýigrimi ýylyň dowamynda kemala gelen ýaşlaryň döwleti talabalaýyk, kadaly dolandyryp biljekdigine şübhelenýän.
Aleksandr Kuleý
Aleksandr Kuleý: Men çaklamalarymyň näderejede takyk boljakdygyny biljek däl. Meniň pikirimçe, Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini güýçlendirse gerek. Ýöne bärde esasy kynçylyk häzirki ýetişen nesil bilen bolar. Sebäbi soňky ýigrimi ýylyň dowamynda kemala gelen ýaşlaryň döwleti talabalaýyk, kadaly dolandyryp biljekdigine şübhelenýän. Häzir Türkmenistanyň ilkinji nobatda etmeli işi bu döwleti dolandyrýan institutlaryny kämilleşdirmeli.

Azatlyk Radiosy: Geçen ýylyň dowamynda arap dünýäsinde uly üýtgeşmeler bolup geçdi. Munuň täsirini dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem duýmak boldy. “Arap bahary” diýlip atlandyrylan wakalar Merkezi Aziýa sebtinde, hususan-da, Türkmenistanda döräp bilermi?

Aleksandr Kuleý: Hawa, bu mesele boýunça köp gürrüň edildi we barlaglar geçirildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň, esasan hem Türkmenistanyň ýolbaşçylary arap dünýäsindäki bolan wakalaryň öz ýurtlarynda hem döremek howpuny içginden öwrendiler.

Meniň çakymça, bular ýaly zat Türkmenistanda bolmaz. Geçiren barlaglarymyza görä, şuňa meňzeş wakalar Gyrgyzystanda döräp biler, belki-de, Täjigistanda hem ýüz bermegi mümkin. Gazagystanda hem şeýle wakalaryň döräp biljekdigi aýdylýar.

Bulardan tapawutlylykda, Türkmenistana bu öz täsirini ýetirmese gerek. Muňa ençeme sebäp bar. Birinjden, jemgyýet ýokary derejede syýasatdan üzňeleşdirilen. Ol ýerde syýasy oppozisiýanyň emele gelmegine ýa-da köpçülikleýin hereketleriň başlanmagyna hiç hili esas döredilmedik. Ikinjiden, Türkmenistanda sosial ulgamlaryň derejesi juda pes. Bu hem öz gezeginde arap dünýäsindäki gozgalaňlarda uly rol oýnapdy.

Meniň şahsy pikirime görä, Türkmenistanda arap dünýäsindäki ýüz beren uly gerimli protest hereketleri bolmaz.
XS
SM
MD
LG