Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanyň Döwlet telewideniýesiniň saýtyna hüjüm edildi


Penşenbe güni Azerbaýjanyň Döwlet telewideniýesiniň internet saýtyna elektron hüjümi amala aşyrylyp, saýtyň öçürilmegine sebäp boldy.

Azerbaýjanyň Aragatnaşyk ministrligi döwlet telewideniýesinden daşary ýurduň “AZAL” atly howa agentliginiňem saýtyna şeýle haker hüjüminiň geçirilendigini habar berdi.

Azerbaýjanyň resmileri bu elektron hüjüminiň Eýranyň territoriýasyndan gurnalandygyny aýdýarlar.

Şu ýylyň ýanwar aýynda-da Azerbaýjanyň käbir resmi saýtlaryna şular ýaly hüjümler amala aşyrylypdy.

Soňky wagtlar Eýranyň häkimiýetleri Azerbaýjan bilen Ysraýylyň ýakynlaşýan gatnaşyklaryna öz nägileliklerini bildirip gelýärler.
XS
SM
MD
LG