Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Siriýanyň dostlary” atly konferensiýa geçirilýär


Siriýanyň hukuk goraýjylary Siriýada bir ýyl mundan ozal başlanan köpçülikleýin gozgalaňlarda 7,600 adamyň ölendigini aýdýarlar.
Siriýanyň hukuk goraýjylary Siriýada bir ýyl mundan ozal başlanan köpçülikleýin gozgalaňlarda 7,600 adamyň ölendigini aýdýarlar.
Tunisde anna güni geçirilýän “Siriýanyň dostlary” diýlip atlandyrylan konferensiýa 70-den gowrak ýurduň daşary işler ministrleri we resmileri gatnaşýar. Bu topar döredileli bäri bu onuň ilkinji maslahatydyr.

Maglumatlara görä, maslahata gatnaşyjylar Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada ultimatum yglan ederler: Homs şäheri ýaly bidüzgünçilikleriň iň güýçli ýüz berýän şäherlerinde ilata ynsanperwer kömegini bermek üçin ot açyşlygy gyssagly duruzmaga çagyryş edilýär. Şeýle hem Tunisde geçýän maslahatda Siriýanyň Milli geňeşiniň Siriýanyň kanuny wekili diýlip yglan edilmegine garaşylýar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Tunisdäki maslahatyň gün tertibi barada eden çykyşynda sanksiýalary güýçlendirmekden başlap, oppozisiýanyň ähli siriýalylara wekilçilik etmekdäki tagallalaryna ýardam etmek ýaly meselelere garaljakdygyny aýtdy.

Siriýada 11 aýlap dowam edýän krizisiň çözgüdini Tunisiň hödürlemegine garaşylýar. Onda Siriýa parahatçylygy goraýjy güýçleri ibermek we Başar al-Assady agdarmak göz öňünde tutulýar.

BMG-niň öňki Baş sekretary Kofi Annan
BMG-niň öňki Baş sekretary Kofi Annan
Maslahatyň öň ýanynda BMG we Arap Ligasy BMG-niň ozalky Baş sekretary Kofi Annany Siriýa ýörite wekil edip bellediler.

BMG Annanyň BMG-niň Baş assambleýasynyň geçen hepdede kabul eden rezolýusiýasy, şeýle hem 11 aý bäri dowam edýän zorluk üçin Siriýany ýazgarýan BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň beýleki iki sany rezolýusiýasy esasynda hereket etjekdigini aýtdy.

BMG-niň Baş assambleýasynyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýalaryna Orsýet bilen Hytaý weto goýdular. Orsýet hem-de Hytaý Tunisdäki bu maslahaty ýurduň içerki işlerine goşulmaklyk hasap edip, oňa gatnaşmaýarlar.

Daşary işler ministri Uilýam Heýg anna günündäki konferensiýada Britaniýa Damaskyň hökümetine täsir etmek üçin diplomatik we ykdysady serişdeleri güýçlendirmegi teklip eder diýdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Siriýanyň oppozisiýasynyň ukybynyň gitdigiçe berkejekdigine we bu krizisde “aýgytlaýjy nokadyň” boljakdygyna özüniň ynanýandygyny aýtdy:

—Gitdigiçe berkeýän ukyply oppozisiýa güýçleri bolar. Olar bir ýerlerden, haýsydyr bir ýol bilen özlerini goramagyň ugruny, şeýle hem hüjüm etmegiň çäresini taparlar. Şeýlelikde basyş Orsýet we Hytaý ýaly ýurtlaryň boýnuna düşer, sebäbi bu meselede bütin dünýäniň pikir-garaýşy boş geçmez.

Şol bir wagtyň özünde Tähranda Eýranyň ýokary derejeli lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň baş maslahatçysy, onuň sözlerine salgylanyp, Assadyň režimini “agdarmak” synanyşygynyň başartmajakdygyny hem-de Eýranyň “Siriýa hökümetini berk goldaýandygyny” aýtdy.

Siriýanyň hukuk goraýjylary Siriýada bir ýyl mundan ozal başlanan köpçülikleýin gozgalaňlarda 7,600 adamyň, şol sanda parahat ilatdan adamlaryň, gozgalaňçylaryň we esgerleriň ölendigini aýdýarlar.

Penşenbe güni BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň bellän komissiýasy siriýa hökümetiniň ýokary derejeli resmileriniň hem Assadyň özi ýaly gazaply hereket eden bolmaklarynyň we, diýmek, olaryň adamzada garşy jenaýatda jogapkär bolmaklarynyň mümkindigini aýtdy.

Penşenbe güni Siriýa hökümetiniň güýçleri oppozisiýanyň güýçli jemlenen ýeri bolan Homs şäherine garşy ot açmaga täzeden girişdiler. Aktiwistler 20 gün öň Homsa garşy ýaragly hüjümler başlandan bäri parahat ilatdan ýüzlerçe adamyň ölendigini aýdýarlar.

Çarşenbe güni Homsdaky artelleriýa hüjüminde iki günbatar žurnalisti öldürildi. Penşenbe güni oppozisiýa aktiwistleriniň internetde ýerleşdiren wideosynda ýaralanan beýleki üç sany günbatar žurnalisti özleriniň gyssagly ewakuasiýa edilmegini sorapdyrlar.
XS
SM
MD
LG