Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemende täze saýlanan döwlet lideri prezidentlige kasam etdi


Şenbe güni Ýemenin täze saýlanan prezidenti Abed Rabo Mansor Hadi ýurduň parlamentiniň öňünde prezidentlige kasam etdi.

Ol ýakynda bu ýurduň ozalky awtoritar lideri, Ýemene 33 ýyllap liderlik eden Ali Abdullah Salehiň ýörite şertli ylalaşyklar esasynda wezipesinden gitmeginiň yzy bilen, bu wezipä saýlanypdy.

Abed Rabo Mansor Hadi mundan ozal Abdullah Salehiň orunbasary bolup işleýärdi. Ol geçen hepdäniň başynda özüniň ýeke-täk kandidaturasy goýlan saýlawda prezidentlik wezipesine saýlanypdy.
XS
SM
MD
LG