Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muzeýler ýurduň ýüzi ahyryn...


Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň täze binasynyň ulanyşa berlenine 7-ýyl geçdi.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň täze binasynyň ulanyşa berlenine 7-ýyl geçdi.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň täze binasynyň ulanyşa berlenine 7-ýyl geçdi. Bu muzeý milli gymmatlyklaryň iri gaznalarynyň biri bolmak bilen, Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň ussat we başlangyç suratkeşleriniň, zergärleriň, keramikleriň, heýkeltaraşlaryň eserlerini köpçülige hödürleýär.

Şeýle-de muzeýde ýewropa ýurtlarynyň, Hytaýyň, Eýranyň dürli döwürlere degişli sungat eserlerini görmek mümkin. Bu ýerde döwlet derejesindäki bellenýän baýramçylyklara bagyşlanyp, yzygiderli sergiler geçirilip durulýar.

Bar bolan birnäçe gyzykly eksponatlaryň syýasy matlaplara görä, ekspozisiýa çykarylmazlygy hem öz täsirini ýetirýär.
.

Ýöne oňa dürli halkara çärelere gatnaşmaga daşary ýurtlardan gelen myhmanlar eltiläýmese, ýerli ilat, aýratynam ýaşlar baryp ýörmeýär. Eýsem, näme üçin? Adynyň agzalmagyny islemedik, Aşgabatly döredijilik işgäri bu mesele barada giňişleýin gürrüň berdi:

—Ilki bilen belläsim gelýän zat muzeýe gelýän myhmanlaryň sany dürli faktorlara görä üýtgäp bilýär. Mysal üçin, muzeýde şol bir ekspozisiýanyň birnäçe ýyllap çalşylmazlygy. Bar bolan birnäçe gyzykly eksponatlaryň syýasy matlaplara görä, ekspozisiýa çykarylmazlygy hem öz täsirini ýetirýär. Propaganda çäreleri. Halkyň içinden ýörite çeperçilik ugurdan okaýan talyplar geläýmese, öz islegi bilen gelýänleri barmak basyp sanaýmaly.

Düzüw däl

Muzeý ýurduň taryhy, ýüzi. Daşary ýurtdan gelenler, ilki bilen tanyşlygy muzeýden başlaýarlar. Ýöne bu ýerde-de hemme zat düzüw däl.

Daşary ýurt adamlary üçin giriş bilediniň bahasy 10 dollar. Ekskursiýanyň bahasy hem şeýle. Surat we wideo almak üçin 15$. Umumy - 35$. Birnäçe gezek daşary ýurtly turistleriň, muzeýiň giriş bahasyndan eýmenip gidendiginiň özüm şaýady boldum. Ýewropada muzeýleriň aglaba bölegine, belli Ermitaža giriş biledi 15 ýewrodan geçmeýär.

Muzeýe adam gelmeýär diýsem, ýalan aýtdygym bolar. Olaram hasaby doldurmaly, ýokary guramalara hasabat bermeli. Muzeýde bir wagtlar şeýle waka-da boldy. Muzeýiň kassasyna her gün ylmy işgärlerden biri nobata durmaly. Nobatçy günüň belli adam sanyny getirmeli ýa-da hasabaty doldurmak üçin öz jübiňden pul çykaryp, bilet almalydy.

Galyberse-de, hasabaty doldurmak üçin uniwersitetlerden talyplary, mekdep okuwçylaryny, harbylary, dürli jemgyýetçilik guramalaryndan işgärleri çagyryp getirýärler. Bu çärelere gatnaşmasalar, olara berk çäreler görülýär. Şeýle adamlaryn köpüsi muzeýiň içine-de girmän, adyny belledip, yzyna dönýärler.

Syýasat üýtgemese...

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurda baştutan bolaly bäri, dogrusy, medeniýete az-owlagam bolsa üns berildi. Welaýat merkezlerinde täze muzeýler guruldy, medeniýet şäherçesi guruldy, medeniýet instituty guruldy. Birnäçe ýaşlarymyz muzeý işleri we ýadygärlikleri goramak, teatr, kino hem-de telewideniýe hünärmenlerini hem-de çeper höwesjeňleriň kollektiwleri üçin režissýorlary taýynlamak üçin daşary ýurt okuw jaýlaryna ugradyldy.

Ýöne her näme-de bolsa, ýurtdaky syýasat üýtgemese, ýagdaýyň oňyn tarapa üýtgejegine ynanmak kyn. Häzirki döwürde çekilen surat, döredilen eser eýýamy, döwri wasp etmese, ekspozisiýada ýer tapmaýar. Ýasamalyk ýüze çykýar.

Hakyky sungat öz ýerini tapmaly. Erkin döredijilik bolmaly. Bäsdeşlik, täzeçillik bolmaly.

Maksat Arlyýew Günbatarda bilim alýan türkmen studentiniň edebi lakamy. Blogdaky pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG