Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam hukuklary Geňeşinde Siriýa maslahatlaşylýar


BMG-niň adam hukuklary boýunça komissary Nawi Pilleý
BMG-niň adam hukuklary boýunça komissary Nawi Pilleý
Sişenbe güni BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşi Siriýadaky krizise bagyşlap ýörite maslahat geçirýär.

Bu maslahat Türkiýäniň, Kataryň, Kuweýtiň we Saud Arabystanynyň haýyşy boýunça gurnaldy.

Maslahatyň barşynda BMG-niň adam hukuklary boýunça komissary Nawi Pilleý Siriýada adam hukuklarynyň bozulmalarynyň we gumanitar krizisiň kem-kem çuňlaşýandygyny nygtap, ýurduň hökümetini garaşsyz halkara gözegçilerini hem-de gumanitar ýardam toparlaryny bu ýurda goýbermeklige çagyrdy.

Siriýanyň delegasiýasy bu maslahaty “netijesiz” diýip atlandyryp, onuň zalyny terk etdi.

Sişenbe güni 47 agza ýurtdan durýan BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşi Siriýanyň režiminiň syýasatyny ýazgaryjy ýörite rezolýusiýanyň taslamasyny kabul etmegi mümkin diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG