Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝUNISEF garyplyga garşy göreşmäge çagyrýar


Jon Bad: "Bu işde adalata esaslanmaly we çagalaryň hem maşgalalaryň iň ejiz gatlaklaryna gönükdirilmeli".
Jon Bad: "Bu işde adalata esaslanmaly we çagalaryň hem maşgalalaryň iň ejiz gatlaklaryna gönükdirilmeli".
BMG-niň ÝUNISEF çagalar fondy “Dünýäde çagalaryň ýagdaýy boýunça 2012” atly täze hasabatyny ýaýratdy. 1946-nji ýyldan bäri çagalaryň hak-hukuklaryny goramak boýunça dünýäniň 158 ýurdunda iş alyp barýan ÝUNISEF guramasynyň bu ýyllyk hasabatynda garyplyk problemasy gozgalýar we şäherde ýaşaýan çagalaryň saglygyny we hukuklaryny goramak meselesine esasy üns berilýär.

Azatlyk Radiosy täze hasabatyň aýratynlyklary we Türkmenistana degişli bölegi bilen gyzyklanyp, ÝUNISEF guramasynyň Ýewropa we GDA regionlary boýunça aragatnaşyk müdiri John Budd bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: ÝUNISEF guramasynyň täze ýyllyk hasabatynda esasy üns nämä berildi?

John Budd: Bu hasabat esasan şäherlerde ýaşaýan çagalara we maşgalalara gönükdirildi. Şu günki gün dünýäde çagalar oba ýerlerine garanda şäherlerde köp ýaşaýarlar. Taryhda öň bolmadyk ýagdaý emele gelip, häzir dünýä ilatynyň ýarpysyndan gowragy şäherlerde ýaşaýar. Şu sebäpden ÝUNISEF çagalar fondy şäherlerde ýaşaýan çagalara aýratyn üns berdi.

Azatlyk Radiosy: Häzirki wagtda çagalaryň aglaba böleginiň şäherlerde ýaşaýanlygyny aýtdyňyz. Bu ýagdaýa näme sebäp bolýar?

John Budd: Meniň pikirimçe, esasy sebäp şäherlerde pul gazanmak üçin mümkinçilikleriň has köplüginde. Şäherlere garanda oba ýerleriniň has garyp bolmagy ene-atalary, ykdysady bähbitlerden ugur alyp, şäherlere göçmäge mejbur edýär.

Azatlyk Radiosy: Çagalar şäherlerde nähili kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar?

Şu günki gün şäher ýaşaýjylarynyň üçden biri garyp şertlerde ýaşaýar. Afrikada her 10 adamdan altysy garyp.
Jon Budd

John Budd: ÝUNISEF-iň hasabatynyň görkezişi ýaly, şäherlerdäki şertler we şäher infrastrukturasy şäherleriň ilat sanynyň okgunly ösüşine garanda has yzda galýar. Biz muny esasy mesele hökmünde belledik. Bu ýagdaý ilkinji nobatda garyp maşgalalara has ýaramaz täsir ýetirýär. Şu günki gün şäher ýaşaýjylarynyň üçden biri garyp şertlerde ýaşaýar. Afrikada her 10 adamdan altysy garyp. Şeýle şertlerde ýaşaýan köp çagalar üçin mekdepler we keselhanalar elýeterli däl. Garyplyk we diskriminasiýa muňa sebäp bolýar.

Azatlyk Radiosy: ÝUNISEF-iň täze hasabatynda Merkezi Aziýa ýurtlaryna nähili baha berilýär?

John Budd: Merkezi Aziýa degişli esasy mesele adamlaryň şäherlerdäki we oba ýerlerindäki ýaşaýyş şertleriniň örän tapawutlanýanlygy bilen bagly. Oba ýerlerinde ýaşaýan adamlaryň şäher ýaşaýjylaryna garanda dürli hyzmatlardan peýdalanmak mümkinçilikleri has çäkli bolýar we olar has garyp ýaşaýarlar.

Azatlyk Radiosy: ÝUNISEF Türkmenistanda çagalaryň ýagdaýyna nähili baha berýär?

John Budd: Hasabata syn etseňiz, dünýä ýurtlarynda çagalaryň ýagdaýyna baha berlende ençeme meselelere garalýar. Olaryň biri 5 ýaşyna ýetmedik çagalaryň ölüm derejesine degişli. Bu meselede BMG-niň “Müňýyllygyň Ösüş Maksatnamalary” atly programmasyna laýyklykda Türkmenistandaky ýagdaý gowulyga tarap dowamly özgerýär. Hususan-da, Türkmenistanda 5 ýaşyna ýetmedik çagalaryň ölüm derejesiniň peselýänligi aýdylýar. BMG-e bu ösüşe begenýär.

Azatlyk Radiosy: ÝUNISEF çagalaryň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäre görmäge çagyryş edende nähili çäreleri göz öňünde tutýar?

John Budd: ÝUNISEF meselä çemeleşmekde adaty usullaryň oňyn netije berjegine ynanmaýar. Meselä täzeçe çemeleşmeli. Bu işde adalata esaslanmaly we çagalaryň hem maşgalalaryň iň ejiz gatlaklaryna gönükdirilmeli. Şeýle maşgalalaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça çäreler görülse, bu diňe olaryň ýagdaýyny gowulandyrmak bilen çäklenmän, şäherleriň ähli ýaşaýjylary üçin gowulyga tarap özgeriş bolar.

ÝUNISEF-iň hökümetler bilen işleşmek üçin öňe sürýän inisiatiwalarynyň biri – şäherlerde çagalar üçin oňaýly şertleri döretmek inisiatiwasydyr. Bu inisiatiwa çagalar üçin oňaýlyklary döretmek boýunça syýasatyň ýöredilmegini we býujetiň kabul edilmegini talap edýär. Bu, meselem, Günbatarda örän ýörgünli. Bilşime görä, Orsýetde 12 şäher, Belarusda Minsk şäheri çagalar üçin oňaýly hasaplanýar, Gazagystanda 4 şäher bu ugurdan hereket edýär.

Biz Türkmenistan ýaly ýurduň hem bu ideýa üns bermegini isleýäris. Şeýle bolanda biz bu ýurtda çagalar we maşgalalar üçin ýagdaý özgerer diýip garaşýarys.
XS
SM
MD
LG