Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa ýadro programmasyny togtatmaga ylalaşdy


Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti we Demirgazyk Koreýanyň resmi metbugaty Demirgazyk Koreýanyň häkimiýetleriniň ýurduň ýadro programmasyny togtatmaga taýýardygyny mälim etdi.

Bu mesele bilen bagly ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton şeýle diýdi:

—Dialog geçirmek üçin zerur bolan şertleri gowulandyrmak maksady bilen, hem-de dünýäniň ýadro ýaragyndan azat edilmegi meselesine goşýan goşantlaryny beýan etmek üçin, Demirgazyk Koreýa özüniň ýadro programmasyna, uzak ara niýetlenen raketalarynyň synagyna we ýadro synaglaryna maratoriý girizmäge ylalaşdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Wiktoriýa Nuland bu ylalaşygyň çäginde Demirgazyk Koreýanyň urany baýlaşdyrmak ugrundaky işlerini-de togtadýandygyny, Halkara Atom Energiýasy Gullugynyň inspektorlaryna moratoriniň ýerine ýetirilişine we Ýoňbioň atom reaktorynyň işiniň togtadylyşyna gözegçilik etmäge rugsat edýändigini mälim etdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň beren maglumatyna görä, ýakyn wagtda ABŞ-nyň we Demirgazyk Koreýanyň wekilleri duşuşyp, bu ýurda 240 müň tonna azyk önümleriniň iberilmegi barada ylalaşyga gol çekmegi göz öňünde tutýarlar.
XS
SM
MD
LG