Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen futbolçylarynyň garşydaşlary belli boldy


Ýaşy 22-ä çenli ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça “Aziýanyň kubogy” ugrunda geçiriljek ýaryşda Türkmenistanyň garşydaşlary belli boldy.

Türkmen futbolçylary “A” topara girip, onda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Yragyň, Omanyň, Hindistanyň we Liwanyň toparlary bar.

Bu netije Aziýa boýunça futbol konfederasiýasynyň Malaziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda ýerleşýän baş edarasynda geçirilen bije atyşlykda belli boldy. Onuň dowamynda 41 ýurduň komandalary 7 topara bölündi.

“A” toparynyň oýunlary 23-nji iýun we 3-nji iýul aralygynda Omanda geçiriler.

Toparlarynda iň gowy netijeleri görkezen iki komanda, şeýle-de toparlaryň arasynda üçünji ýeri alan iň gowy komanda “Aziýanyň kubogy-2013” futbol ýaryşyna gatnaşar.
XS
SM
MD
LG