Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arzuwyň gozgan meselesi nähili çözüldi?


Aşgabadyň Nyýazow etrabynyň 26 ýaşly ýaşaýjysy Arzuw öz ýaşaýan köp hojalykly jaýyndaky suw ýetmezçiligi we beýleki meseleler barada gürrüň bermek üçin Azatlyk Radiosyna jaň edipdi. Azatlyk Radiosy Arzuw bilen söhbetdeşligi 22-nji fewralda efire beripdi.

Arzuw şol söhbetdeşlikde jaýyny dolandyrýan edarada we etrap häkimliginde arzynyň diňlenmeýänligini, tersine, meseläni çözmäge borçly işgärleriň öz wezipesini ýerine ýetirmegiň ýerine şikaýat edýän zenana basyş görkezip, ony türmä basmak haýbaty bilen gorkuzmaga çalşandyklaryny habar beripdi.

Azatlyk Radiosy Arzuw bilen 1-nji martda ýene söhbetdeş boldy. Arzuw şonda radio beren interwýusynyň käbir netijeleri berendigini aýdypdy.

Eýsem Arzuwyň gozgan meselesi nähili çözüldi?

Azatlyk Radiosyna ynamdar çeşmeden gowşan maglumatlara görä, aşgabatly Arzuwyň öz ýaşaýan ýeri bilen bagly arz-şikaýatynda gozgan meseleleri çözülýär. Ýagny onuň ýaşaýan jaýynyň daş-töweregine esewan edilýär, jaýyň töweregindäki köçeleriň çukur-sukurlary gömlüp, täze asfalt düşelipdir, esli ýyl bäri ideg görmedik agaçlar, baglar taraşlanyp, gowy tertibe salnypdyr. Ol ýerde suw meselesiniň hem çözülendigi aýdylýar.

Şeýle hem, ýaşaýyş jaýlaryny ulanmak baradaky edaranyň Arzuwyň üstüne gygyran işgärine, adamlar bilen gödek gürleşýänligi üçin, berk duýduryş berlipdir.
XS
SM
MD
LG