Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri žurnalisti Hatyja Ismailowa haýbat atylmagy ýazgarylýar


Žurnalistleri goramak boýunça komitet Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjandaky žurnalisti Hatyja Ismailowa haýbat atylmagyny ýazgarýar.

Ismailowa ýokary derejeli resmileriň arasyndaky korrupsiýa, prezident Ylham Alyýewiň maşgalasynyň biznesi barada derňew geçirmegi bilen giňden tanalýar.

7-nji martda Ismailowa özüniň şahsy suratlary salnan konwert arkaly haýbat atylyp, “eger ol özüni dogry alyp barmasa, onuň “masgara” ediljekdigi duýdurylypdyr.

Ismailowa özüne atylan haýbatlar barada jemgyýetçilige habar berdi. Ol “sesini sem etmejekdigini” aýdýar.

Düýbi Nýu Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goramak boýunça komitetiň Ýewropa we Merkezi Aziýa programmasynyň koordinatory Nina Ogniýanowa žurnalist Hatyja Ismailowany “Azerbaýjanyň iň batyrgaý we uly hormat goýulýan garaşsyz žurnalistleriň biri” diýip häsiýetlendirdi.

Gurama Azerbaýjanyň häkimiýetlerini Ismailowanyň howpsuzlygyna kepil geçmäge we oňa haýbat atanlary sud jogapkärçiligine çekmäge çagyrýar.
XS
SM
MD
LG