Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýaly generallar režimi terk etdiler, Annan Assad bilen duşuşar


Siriýanyň Ýabrud şäherinde ýerleşdirilen tanklar, 8-nji mart.
Siriýanyň Ýabrud şäherinde ýerleşdirilen tanklar, 8-nji mart.
Siriýanyň ýaragly güýçleriniň bäş agzasy, şol sanda iki general we bir polkownik Türkiýä gaçyp bardy diýlip, habar berilýär.

Türkiýäniň resmileri bu harby adamlaryň ýurda soňky iki günüň dowamynda bosup baran siriýalylaryň arasyndadygyny aýdýarlar.

Soňky bosmalar Siriýadan gaçyp çykan generallaryň sanyny dörde ýetirdi. Hepdäniň başynda Siriýanyň nebit ministriniň orunbasary hem prezident Başar al-Assadyň režimini terk edipdi.

Bir ýyl mundan öň Assadyň režimine garşy aýaga galmalar başlany bäri 12,000 siriýaly serhediň Türkiýe tarapyna geçdi.

Bu aralykda, Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Siriýanyň harby güýçlerini öz halkyny oka tutmazlyga çagyrdy.

—Biz Siriýanyň goşunlaryny ýaragy öz halkyna – goragsyz raýatlara, aýallara we çagalara – çenemezlige çagyrmagymyz dowam edýäris—diýip, Klinton Waşingtonda Günorta Koreýanyň daşary işler ministri Kim Sung Hwan bilen geçiren metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton
Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton
Klinton bu çykyşyny Müsüriň paýtagty Kairde Siriýa krizisi boýunça Arap Ligasynyň daşary işler ministrleri bilen olaryň orsýetli kärdeşi Sergeý Lawrowyň arasynda geçiriljek gepleşikleriň öňüsyrasynda etdi.

Klinton 12-nji martda Nýu-Ýorkda Orsýetiň daşary işler ministri Lawrow bilen Siriýa boýunça nobatdaky gepleşikleri geçirjekdigni mälim etdi. Ol Lawrow bilen “Siriýada gan döküşikligi bes etmekde we syýasy geçişe ýol arçamakda Orsýetiň konstruktiw rol oýnamagy baradaky umytlarymyz hakda” gürrüň etdim diýdi.

Siriýanyň iň soňky ýaranlarynyň biri bolup galan Orsýet, şeýle hem Hytaý Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň täze rezolýusiýasyny kabul etmek baradaky ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky täze başlangyjy “deňagramsyz” diýip tankyt etdi. Bu rezolýusiýada Assadyň režiminiň repressiýasy ýazgarylýardy.

Annan Assad bilen duşuşar

Bu aralykda, 9-njy martda BMG-niň ynsanperwerlik ýolbaşçysy Waleriýe Amos Siriýada bir ýyla çeken çaknyşyklar netijesinde weýran bolan ýerlerdäki zeruryýetleri öwrenmek üçin başlangyç barlaglary geçirmäge Siriýanyň hökümetiniň rugsat berendigini aýtdy.

Amos oppozisiýanyň derbi-dagyn bolan merkezine – Homs şäherine baryp görenden soň, Türkiýäniň paýtagty Ankarada çykyş etdi:

—Hökümet BMG-niň gulluklary we Siriýanyň häkimiýetleri tarapyndan çäkli görnüşdäki barlaglaryň geçirilmegine razy boldy. Bu bize ýurtda nämeleriň bolup geçýändigi barada maglumat almaga mümkinçilik berer. Bolup geçýän wakalar barada maglumat alar ýaly, bize has anyk usulda işleşmek zerur bolmagynda galýar.

9-njy martda iň esasy oppozision topar bolan Siriýanyň Milli Geňeşiniň lideri Burhan Halioun hem çykyş edip, syýasy opponentlere hüjümler dowam edýärkä, hökümet bilen dialoga girmek barada Kofi Annanyň eden çagyryşlaryna gulak asmak niýetleriniň ýokdugyny mälim etdi.

BMG-Arap Ligasynyň Siriýa boýunça wekili Kofi Annan
BMG-Arap Ligasynyň Siriýa boýunça wekili Kofi Annan
BMG-niň öňki Baş sekretary, häzir BMG-Arap Ligasynyň Siriýa boýunça wekili bolan Annan çözgüdiň “syýasy barlyşykdadygyny” we mundan soňky harbylaşmalaryň “ýagdaýy has hem beterleşdirjekdigini” aýtdy.

Annanyň şenbe güni Damaskda Assad bilen duşuşmagyna garaşylýar. Edil şol gün Kairde Arap Ligasynyň baş diplomatlary bilen Orsýetiň daşary işler ministriniň Sergeý Lawrowyň arasynda gepleşikler geçiriler.

BMG Siriýada bir ýyla çeken gozgalaňlar mahalynda häzire çenli 7,500-e golaý adamyň öldürilendigini çaklaýar. Aktiwistler diňe 9-njy martyň özünde Siriýa boýunça 54 adamyň öldürilendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG