Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyzystanyň energiýa ministri tussag edildi


Gyrgyzystanyň energiýa ministri we onuň orunbasary goňşy Gazagystandan 9,000 tonna çemesi radiýoaktiw kömüriň satyn alynmagyna gatnaşygy bolanlykda aýyplanýarlar.

13-nji martda Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, energiýa ministri Askarbek Şadiýew “öz wezipesinden galp peýdalanyp, adaty raýatlaryň hukuklaryny köpçülikleýin bozanlykda” aýyplanyp, tussag edilipdir.

Baş prokuratura Şadiýewiň orunbasary Kaýrat Jumaliýewiň “wezipesini sowuk-sala ýetirenlikde” aýyplanýandygyny habar berýär.

Zäherli kömür geçen ýylyň sentýabrynda Gazagystanyň “Kulan” kömür käninden Gyrgyzystana getirildi.

Geçen aý Gyrgyzystanyň häkimiýetleriniň mälim etmeklerine görä, şol kömüri import etmäge we Çuý regionyndaky mekdeplere bermäge rugsat eden 7 resmi tussag edildi.

Kömür geçen aý Gazagystana yzyna iberildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG