Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Ukraina sapar edýär


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç (sagda) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kiýewde, 2012-nji ýylyň 13-nji marty.
Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç (sagda) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kiýewde, 2012-nji ýylyň 13-nji marty.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ukraina resmi sapary başlandy. Habar agentlikleri iki ýurduň arasynda gaz söwdasyny gönümel ýola goýmagyň mümkinçiliklerine serediljekdigini ýazýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyndan Nazar Hudaýberdi Azatlyk Radiosynyň Kiýewdäki býurosynyň žurnalisti, türkmen-ukraina duşuşyklaryna gatnaşan Ýewgeniý Solonina bilen saparyň gidişi, gepleşiklerde gozgalan meseleler barada gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýewgeniý, Türkmenistanyň prezidentiniň Kiýewe sapary nähili başlandy, saparyň ilkinji güni nähili wakalar bolup geçdi?

Ýewgeniý Solonina: Sapar Bankow köçesinde, prezident administrasiýasynyň öňünde resmi dabara bilen başlandy. Şondan soň Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikiçäk duşuşygy boldy. Gepleşikler tamamlanandan soň, iki döwletiň baştutanlary metbugat wekilleriniň ýanyna gelip, žurnalistleriň gözüniň öňünde bilelikdäki beýannama we dürli pudaklarda hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyklara gol çekdiler.

Gol çekilen ylalaşyklaryň arasynda 2012-2016-njy ýyllarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada şertnama bar. (Surat: 13-nji mart, Kiýew.)
Gol çekilen ylalaşyklaryň arasynda 2012-2016-njy ýyllarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada şertnama bar. (Surat: 13-nji mart, Kiýew.)
Azatlyk Radiosy: Nähili ylalaşyklara gol çekildi? Habar serişdeleri Türkmenistandan Ukraina gönümel gaz akdyrmagyň mümkinçiliklerine serediljekdigini ýazdylar.

Ýewgeniý Solonina: Gol çekilen ylalaşyklaryň arasynda 2012-2016-njy ýyllarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada şertnama bar. Şol ylalaşygyň bir maddasynyň Türkmenistan bilen nebit-gaz pudagynda, nebiti gaýtadan işlemekde we gaz-transport pudagynda hyzmatdaşlyk baradadygyny prezident Ýanukowiç aýtdy. Şol hyzmatdaşlygyň jikme-jigi barasynda iki döwletiň baştutanlaram, Ukrainanyň ýangyç-energetika ministri Boýko-da dil ýarmady. Şu ugurdan uly öňegidişligiň gazanylandygyny Boýko žurnalistlere aýtdy.

Azatlyk Radiosy: Bilşimiz ýaly, Ukrainanyň Türkmenistan bilen özara serhedi ýok. Türkmenistandan Ukraina gazy gönümel akdyrmak bilen bagly ýagdaýa Ukrainada nähili baha berýärler?

Ýewgeniý Solonina: Ukrain ekspertleri bu işiň başa barmak ähtimallygyna pes baha berýärler. Munuňam sebäbi türkmen gazy Orsýetiň territoriýasyndan akyp gelmeli. Eger gaz beýleki ýurtlaryň hem Gara deňziň üsti bilen gelse, onda bu bähbitli iş bolar diýýän ekspertler bar. Bu barasynda Kawkaz ýurtlary bilen gepleşikleriň gidýändigi bize mälim. Şeýle ýagdaýda 2015-nji ýylda Gara deňizde Ukrainanyň suwuklandyrylan gazy kabul edýän terminaly taýýar bolar.

Azatlyk Radiosy: Türkmen prezidentiniň saparynyň galan böleginde ýene nähili çäreler göz öňünde tutulýar?

Ýewgeniý Solonina: Iki ýurduň prezidentleri şäheriň merkezinde, Ministrler Kabinetiniň klubynda ukrain biznesmenleri bilen duşuşarlar. Şol ýerde ukrain-türkmen hyzmatdaşlygynyň jikme-jikleri barasynda gürrüň edilse gerek. Bu işe gatnaşýan anyk kärhanalar hem şol ýerde bolarlar.
XS
SM
MD
LG