Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen hukukçylary BMG-ä teklip hödürlediler


Diňlenişige gatnaşýanlaryň arasynda Türkmenistanyň BMG-däki ilçisi Aksoltan Ataýewa (çepde) hem bar. (Surat: 2005-nji ýyl)
Diňlenişige gatnaşýanlaryň arasynda Türkmenistanyň BMG-däki ilçisi Aksoltan Ataýewa (çepde) hem bar. (Surat: 2005-nji ýyl)
BMG-niň Adam hukuklary komitetiniň nobatdaky 104-nji sessiýasynda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça diňlenişik geçirilýär. ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde 2012-nji ýylyň 15-16-njy marty aralygynda geçirilýän bu diňlenişikde Graždan we Syýasy Hukuklar boýunça Halkara Şertnamanyň esasynda 1997-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna syn ediler.

Halkara hukuk goraýjy toparlaryň käbiri BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň gurnaýan bu mümkinçiliginden peýdalanyp, Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna ünsi çekýärler.

Adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” we Adam hukuklary boýunça Halkara hyzmatdaşlyk toparlary Türkmenistandaky hukuk bozulmalaryň möhüm taraplaryna ünsi çekýän 15 sahypalyk beýanat ýaýratdylar. Bu hukuk toparlarynyň bilelikde ýaýradan beýanatlarynda Türkmenistanda syýasy reformalaryň geçirilmeýändigi we metbugat azatlygyna ýol berilmeýändigi nygtalýar.

Hususan-da, hukuk goraýjylar Türkmenistanda prezident we parlament saýlawlarynda saýlawçylara doly hukuklaryň berilmeýändigi, döwlet kontrollygyndaky media serişdeleriniň propaganda maksatlaryna gönükdirilendigi, internetdäki käbir “ynjyk” maglumatlaryň petiklenmegi, žurnalistleriň we olaryň maşgala agzalarynyň yzarlanmagy, hökümetden aýry halkara guramalara ýurduň içinde iş alyp barmaga rugsat berilmezligi, prezidentiň ýolbaşçylyndaky ýeke-täk “Demokratik partiýa” bäsdeş bolup biljek syýasy toparlaryň gadagan edilmegi, tussaglykda saklanýan bendilere jebir berilmegi, daşary ýurtlara gitmäge çäklendirmeleriň bolmagy ýaly meseleleri gozgaýarlar.

Adam hukuklary boýunça ”Türkmen inisiatiwasy” we Halkara hyzmatdaşlyk toparlary agzalan meseleleri çözmek üçin Türkmenistanyň etmeli işleri boýunça öz tekliplerini hem orta atýarlar. Bu hukuk toparlary BMG-niň Adam hukuklary komitetine Türkmenistany adam hukuklary boýunça halkara borçlaryny ýerine ýetirmäge çagyrmagy teklip edip, öz rekomendasiýalaryny hödürleýärler.

Berlen teklipleriň arasynda hukuk bozulmalaryň ýüz berýän ugurlary boýunça Türkmenistanyň ýerine ýetirmeli borçlarynyň sanawy berilýär. Olaryň arasynda tussaglykda saklanýan bendilere jebir berilmegine garşy Adam hukuklary komiteti tarapyndan bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilmegi, ýagny jebir berenleri jezalandyrmak üçin kanuny işletmek, tussag edilenleri başdan adwokatyň kömegi we beýleki goraglar bilen üpjün etmek, türme şertlerini halkara standartlaryna laýyk getirmek we başga-da birnäçe çäreleri amala aşyrmaklyk talap edilipdir.

Şeýle hem tekliplerde hereket azatlygyny üpjün etmek boýunça “propiska” sistemasyny ýatyrmak, söz azatlygy boýunça medianyň üstünden berk döwlet kontrollygyny aýyrmak we hususy media ýol açmak ýaly meseleleriň çözülmegine çagyryş edilýär.

Adam hukuklary boýunça komitete ýollan ýazmaça beýanatlary bilen bir hatarda, bu toparlaryň we beýleki hyzmatdaş guramalaryň wekilleri Türkmenistana syn boýunça diňlenişikden öň Adam hukuklary komitetiniň agzalary bilen bilelikde hökümetden aýry guramalaryň (HAG-niň) brifingine hem gatnaşýarlar.

Olaryň Türkmenistan baradaky diňlenişige synçy hökmünde gatnaşyp, näresmi ýagdaýda goşmaça maglumat bermek mümkinçiliginden hem peýdalanjakdyklary aýdylýar.

Türkmenistan boýunça Adam hukuklary komitetinde penşenbe we anna günleri geçiriljek diňlenişige Türkmenistandan birnäçe resminiň gatnaşýandygy habar berilýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajyýew, Demokratiýa we adam hukuklary boýunça milli institutyň direktory Ýazdursun Gurbannazarowa hem-de Türkmenistanyň BMG-däki ilçisi Aksoltan Ataýewa hem bar.
XS
SM
MD
LG