Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenko ölüme höküm edilen "bombaçylara" merhemet etmekçi däl


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko 2011-nji ýylyň aprelinde Minskiniň metrosyndaky bomba partlamasy bilen bagly ölüm jezasyna höküm edilen iki adama merhemet etmegi ret edýär. Şol partlamada 15 adam ölüpdi.

Belarusyň döwlet telewideniýesi Lukaşenkonyň metbugat edarasyna salgylanyp, “prezidentiň Dmitriý Konowalowa we Wladislaw Kowalýowa merhemet etmezlik barada karara gelendigini” habar berýär. Olaryň haçan jezalandyryljagy anyk däl.

Şol partlama bilen bagly gysga wagtyň içinde derňew geçirilmegi we iki sany 25 ýaşly zawod işgärine garşy sudda getirilen delilleriň ynandyryjy bolmazlygy şol partlamany ýurduň howpsuzlyk gulluklarynyň Lukaşenkonyň syýasy garşydaşlarynyň basylyp ýatyrylmagyny aklamak üçin özleriniň gurnandygy baradaky aýyplamalaryň ýaýramagyna sebäp boldy.

2010-njy ýylyň dekabryndaky dawaly prezidentlik saýlawlarynda täzeden saýlanan Lukaşenkonyň aýtmagyna görä, bu partlama “döwletiň näbelli duşmanlarynyň ýurdy durnuksyzlaşdyrmaga synanyşygydyr”.

Adam hukuklaryny goraýan guramalar Belarusy ol iki adama berlen iň ýokary jezany amala aşyrmazlyga çagyrýarlar.
XS
SM
MD
LG