Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda ýokary derejeli regional lider wezipesinden boşadyldy


Hytaýyň döwlet habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, ýurduň täsirli regional partiýa lideri wezipesinden boşadylypdyr. Şol bir wagtda, onuň kömekçileriniň biriniň Birleşen Ştatlara gaçyp gitmäge synanyşandygy baradaky habarlar ýaýrady.

“Ksinhua” habarlar gullugynyň 14-nji martda beren maglumatyna laýyklykda, Kommunistik partiýanyň günorta-günbatarlykda ýerleşýän Çonguýng şäherindäki başlygy Bo-Ksaýlaý wezipesinden boşadylypdyr. Munuň sebäpleri barada habar berilmeýär.

Korrupsiýa berk garşy durýan Boa şu ýylyň ahyrlarynda Kommunistik partiýanyň syýasy Býurosyna goşulmagy ähtimal esasy dalaşgärleriň biri hasaplanýardy. Onuň kömekçisi we korrupsiýa garşy berk göreşýän polisýanyň başlygy Waň Lijunyň geçen aý ABŞ-nyň konsulhanasyna barandygy we syýasy baş pena sorandygy habar berilýär.

Döwlet eýeçiligindäki media Lijunyň dynç alyşa gidendigini habar berýär.
XS
SM
MD
LG