Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-de çykyş eden türkmen resmileri halkara jemgyýetçiligini lapykeç etdi


 (sagdan çepe) Türkmenistanyň BMG-däki ilçisi Aksoltan Ataýewa, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Türkmenistanyň Demokratiýa we Adam hukuklary boýunça milli institutynyň müdiri Ýazdursun Gurbannazarowa Aşgabatda, 2010-njy ýyl.
(sagdan çepe) Türkmenistanyň BMG-däki ilçisi Aksoltan Ataýewa, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Türkmenistanyň Demokratiýa we Adam hukuklary boýunça milli institutynyň müdiri Ýazdursun Gurbannazarowa Aşgabatda, 2010-njy ýyl.
BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň 104-nji sessiýasynda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça geçirilen iki günlük diňlenişik 16-njy martda tamamlandy.

Türkmenistan 1997-nji ýyldan bäri gijikdirip, ilkinji gezek Graždan we Syýasy hukuklar boýunça Halkara şertnamanyň esasynda Adam hukuklary komitetinde hasabat berdi. Munuň bilen birlikde Türkmenistan boýunça geçen diňlenişige adam hukuklary boýunça halkara we hökümete degişli bolmadyk käbir guramalar hem özleriniň garaşsyz hasabatlaryny hödürlediler.

Şolaryň biri-de düýbi Brýusselde ýerleşýän “Adam hukuklary boýunça Halkara hyzmatdaşlyk" guramasydyr. Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew guramanyň direktory, Türkmenistan boýunça geçirilen diňlenişige gatnaşan Brigitte Dufour bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Brigitte, siziň özüňizde bu diňlenişik nähili täsir galdyrdy?

Brigitte Dufour: Bu Türkmenistanda bolup geçýän ýagdaýlar barada gürrüň etmek üçin juda wajyp we prinsipial bir pursat boldy. Ýöne, eger-de munuň geçişi barada aýtmaly bolsa, bu adamyny lapykeç edýär. Sebäbi türkmen tarapyndan gatnaşan delegasiýa özüni gaty wyždansyz alyp bardy. Olaryň soraglara jogap berşi, hususan-da, ýurtda adam hukuklarynyň asla bozulmaýandygyny öňe sürmesi diýseň gynandyrdy. Olar iň azyndan kynçylyklaryň bardygyny hem boýun alasy gelmedi. Olar “Türkmenistanda gynamalar ýok, azat media bökdençsiz iş alyp baryp bilýär, ýurtda adamlar arkaýyn hereket edip bilýärler, ýurtdan daşyna çykmak üçin gadagançylyk ýok” diýen ýaly zatlary öňe sürdüler. Maňa bulary eşitmek diýseň agyr degdi.

Olaryň sözlerine görä, kanunda ähli zat gowy. Ýöne bärde mesele bu kanunlaryň näderejede berjaý edilşi bilen bagly.
Meniň pikirimçe, komitetiň agzalary hem bu bolup geçýän zatlara göz ýetiren bolsalar gerek. Sebäbi olaryň ellerinde hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, biziň, “Human Rights Watch” guramasynyň garaşsyz hasabatlary bardy.

Emma, nähili hem bolsa, türkmen tarapynyň ähli zady inkär etmegi ýa-da ýöne şol ýurduň kanunçylygyna salgylanyp durmagy gaty gynandyrdy. Olaryň sözlerine görä, kanunda ähli zat gowy. Ýöne bärde mesele bu kanunlaryň näderejede berjaý edilşi bilen bagly.

Azatlyk Radiosy: Brigitte, indi bu diňlenişigiň maksady barada maglumat berseňiz? Ýagny, onda komitetiň agzlary adam hukuklarynyň bozulmalary boýunça bar bolan maglumatlaryň esasynda türkmen tarapyna sorag berýär, şeýlemi?

Brigitte Dufour: BMG-niň Adam hukuklary boýunça komiteti belli bir ýurtda ynsan hukuklaryna goýulýan hormaty we onuň berjaý edilişini öwrenýär. Komitet şol ýurtdan, halkara ylalaşyklar esasynda öz üstüne alan borçnamalaryny näderejede berjaý edýändigini öwrenip, hasabat soraýar. Ýagny, köplenç halatda komitet gyzyklandyrýan soraglaryň sanawyny düzüp, olary degişli döwletiň hökümetine ýollaýar. Mysal üçin, soraglar şeýle düzülip bilner, ýagny “Siziň ýurduňyzda dini azatlyklara goýulýan hormatyň ýagdaýy nähili? Bize gowuşýan maglumatlara görä, belli bir azlykdaky dini topar ýurtda kynçylyk çekýär, siz muny nädip düşündirersiňiz? Muny çözmek üçin haýsy çäreleri görýärsiňiz?” diýen ýaly görnüşdäki soraglar. Mundan soňra, hökümet bu goýulan soraglara jogap taýýarlap, ony ýazmaça görnüşde ugradýar.

Ýöne, iş ýüzünde meseläni çözmek üçin hiç tagalla edilmeýär. Bularyň barysy boş takal, ýagny boş söz.
Türkmenistanyň hasabaty barada aýdylanda, onda bar diýilýän meseleleriň ählisi diýen ýaly inkär edilýär. Olar gozgalan kynçylyklaryň, problemalaryň hakykatda ýokdugyny öňe sürýärler. Meniň elimde Türkmenistanyň hasabaty bar, ine, munda ýurtda bar diýilýän kanun bozmalaryň ýokdugy aýdylýar.

Haçan-da bu ugurda näme edilýär diýlende, olar şol “biz bu mesele boýunça tegelek stollary gurnaýarys; biz ol mesele boýunça seminarlary geçirýäris” diýip tutduryp ugraýarlar… Ýöne, iş ýüzünde meseläni çözmek üçin hiç tagalla edilmeýär. Bularyň barysy boş takal, ýagny boş söz.

Azatlyk Radiosy: Bilşimize görä, bu Türkmenistanyň on ýyldan hem köp wagty geçirip, ilkinji gezek şeýle diňlenişige gatnaşdy. Muňa öňegidişlik hökmünde oňaýly baha berip bilerismi? Ýa-da käbir hukuk goraýjylaryň tassyklaýşy ýaly, bu diňe göz üçin ädilen ädimmi?

Brigitte Dufour: Meniň bilşime görä, UNDP (BMG-niň Ösüş programmasy) bu hasabaty taýýarlamaga hemaýat bermek üçin ýörite proýekt gurnan bolmaly. Türkmenistan bu hasabaty tabşyrmaga borçludy, ýöne ol özüne 14 ýyl garaşdyryp, bu diňlenişige gatnaşdy. Meniň pikirimçe, Aşgabada nähili hem bolsa, bu ugurda belli bir basyş edilen bolmaly.

Netijede hasabat taýýarlandy, ýöne ol ynsapsyz görnüşde taýýarlanypdyr. Ýaňky aýdyşym ýaly, onda ähli hukuk bozmalar inkär edilýär. Netije-de munuň näderejede öňegidişlik bolandygyny aýdyp biljek däl.

Türkmen tarapyndan biri komitetiň agzalaryny Türkmenistana gelip, ýagdaýlary öz gözleri bilen synlamaga çagyrdy. Bu meniň üçin-ä garaşylmadyk bir ädim boldy.
Diňlenişigiň soňunda türkmen tarapyndan biri komitetiň agzalaryny Türkmenistana gelip, ýagdaýlary öz gözleri bilen synlamaga çagyrdy. Bu meniň üçin-ä garaşylmadyk bir ädim boldy. Sebäbi häzire çenli Türkmenistan halkara guramalar, barlagçylar üçin ýapykdy. Komitetiň agzalary muny ýurduň açylmagyna tarap bir ädim boldy diýip, oňaýly garşylasalar, men-ä munuň amala aşjakdygyna şübhelenýärin. Aslynda meniň gaty uly şübhäm bar. Bular diňe owadan sözler bolup çykaýmasa.

Azatlyk Radiosy: Bilşimiz ýaly siziň guramaňyz hem bu diňlenişige hasabat taýýarlap ýollady. Siz öz hasabatyňyzda haýsy meselelere ünsi çekdiňiz?

Brigitte Dufour: Biz hasabatymyzda, esasan, Türkmenistandaky azat metbugatyň ýagdaýyna, ýurtda Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna üns berdik. Ýöne, ýaňky aýdyşym ýaly, olar beýleki meseleler bilen bir hatarda biziň öňe süren zatlarymyzy hem çürt-kesik inkär etdiler.

Türkmen tarapy ýurtda pylança habar beriş serişdesi bar, bilmen ýene näçe sany daşary ýurt žurnalistleri akkreditasiýa edildi diýip, sanlary getirdi. Olar düýbünden başga bir älem barada gürrüň edýän ýalydy. Olar başga bir döwlet, başga bir ýagdaýlar hakynda gürrüň edýärdiler. Olaryň, şeýdip, jogap bermegi olaryň asla hiç bir belligi kabul etmezligi juda we juda ýüregiňi awundyrýar.

Türkmen tarapy ýurtda pylança habar beriş serişdesi bar, bilmen ýene näçe sany daşary ýurt žurnalistleri akkreditasiýa edildi diýip, sanlary getirdi. Olar düýbünden başga bir älem barada gürrüň edýän ýalydy.
Haçan-da olar Azatlyk Radiosynyň habarçylary barada gürrüň edip başlanda, bu has hem nebsimi agyrtdy. Olar “Siziň žurnalist diýip atlandyrýan adamlaryňyz adaty raýatlar, olar diňe pul üçin maglumat ugradýarlar. Biz bu adamlara azar beremzok, tussag edemzok” diýen ýaly zatlary aýtdylar. Türkmen delegasiýasynyň aýdan bu zatlary ýalandan başga hiç zat däl. Bu gaty awundyryjy we hopukdyryjy sözler boldy. Ýöne biz bular ýaly ýalanlara eýýäm öwrenişdik. Meniň pikirimçe, komitetiň agzalary hem türkmen tarapynyň çykyşynyň hakykat bilen hiç hili ilteşiginiň ýokdugyna düşünen bolmaly. Sebäbi olaryň ählisi juda düşünjeli ekspertler.

Men diňlenişige Türkmenistanda özgerilşikleriň başlanandygy baradaky ynam bilen gelipdim. Ähli kynçylyklar, hukuk bozmalar geçmişde galdy, indi ýurtda täze döwür başlandy diýip pikir edipdim. Ýöne, gynansam-da, haçan-da diňlenşik gutaranda, hiç zadyň üýtgemändigine göz ýetirdim.

Azatlyk Radiosy: Siziň ýaňky nygtaýşyňyz ýaly, diňlenişikde türkmen tarapy esasan öňde goýlan meseleleri aglaba inkär edipdir. Diňlenişigiň dowamynda komitetiň ekspertleriniň biri, has takygy, Krister Telin türkmen delegasiýasyna ýüzlenip, berlen soraglara göni jogap bermeklerini soraýar. Umuman, siziň pikiriňizçe, Adam hukuklary boýunça komitetiň agzalarynda türkmen tarapynyň bu hili çykyş etmegi nähili täsir galdyrdy?

Brigitte Dufour: Men olaryň näme pikir edendigini anyk aýdyp biljek däl. Ýöne, ykrar edilen halkara etikasyna görä, haçan-da anyk sorag berlende, muňa göni we ýerlikli jogap bermeli. Ekspertleriň berlen soraga jogap almagy üçin, şol bir soragy yzly-yzyna gaýtalap durmaga ne wagty bar, ne-de mümkinçiligi.

Ekspertler Türkmenistanda adam hukuklarynyň neneňsi pajygaly ýagdaýdadygyna düşünen bolmaly.
Diňlenişige gatnaşan ekspertleriň BMG-niň alyp barýan işleri, halkara hukugy boýunça gaty uly tejribesi bar. Olar has çylşyrymly meseleler boýunça hem iş alyp bardylar. Meniň pikirimçe, olaryň türkmen delegasiýasynyň ýurtdaky bolýan ýagdaýlary aýdyň suratlandyryp bilmändiklerine göz ýetiren bolmagy mümkin. Ekspertler Türkmenistanda adam hukuklarynyň neneňsi pajygaly ýagdaýdadygyna düşünen bolmaly.

Dünýäniň beýleki köp döwletlerinde hem adam hukuklary boýunça meseleler bar, ýöne Türkmenistan barada aýdylanda, ol dogrurdan-da, “ýaramazlaryň ýaramazy”.

Diňlenişigiň dowamynda ekspertleriň biri ýurtda belli bir kanunlaryň bardygyny tekrarlap, goýlan soragalara islenýän jogabyň bolup bilmejekdigini nygtady. Esasy zat şol kanunlaryň berjaý edilmegi, ýöne iş ýüzünde bu ýerine ýetirilmeýär.
XS
SM
MD
LG