Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kazanyň polisiýa edarasynda ýene iki polisiýa işgäri tussag edildi


Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda geçen ýylyň oktýabrynda tussaghanada gynamalar sebäpli bir raýatyň ölmegi bilen baglanyşykly wakada aýyplanyp, sişenbe güni iki sany polisiýa işgäri tussag edildi.

Mundan ozal hem Kazan şäheriniň şol bir polisiýa edarasynyň dört sany ofiseri şu aýyň başynda başga bir tussagy gynap öldürmekde aýyplanyp tussag edilipdi.

Polisiýa edarasynyň bu işgärleri 52 ýaşly Sergeý Nazarowa etmedik jenaýatyny boýun aldyrtmak üçin ony gynanlykda we jynsy taýdan zorlukly çärelere sezewar edenlikde aýyplanýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG