Nowruz bilen bir hatarda 21-nji mart Poeziýanyň halkara günüdir. Şeýle karar 1999-njy ýylda ÝUNESKO-nyň baş konferensiýasynda kabul edildi. Poeziýa güni ilkinji gezek Parižde bellendi.
“Poeziýa – häzirki zaman adamynyň iň ýiti hem çuňňur ruhy soraglaryna jogap bolup biler. Ýöne munuň şeýle bolmagy üçin mümkin boldugyndan oňa köpüräk jemgyýetçilik ünsüni çekmek gerek” diýlip, ÝUNESKO-nyň kabul eden kararynda bellenýär.
Häzirki türkmen poeziýasy adamlaryň ruhuna goldaw, ýiti soraglaryna jogap bolup bilýärmi? Bu barada Azatlyk Radiosy aşgabatly şahyr hem žurnalist Aşyrguly Baýryýew bilen söhbetdeş boldy.