Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kömür söwdasy sebäpli 11 sany gyrgyz resmisi jogapkärçilige çekildi


Penşenbe güni Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasy geçen ýylyň güýzünde Gazagystandan ilatyň saglygy üçin howply radioaktiw kömür satyn alynmagy bilen baglanyşykly azyndan 11 sany resminiň jogapkärçilige çekilendigini mälim etdi.

Prokuraturanyň maglumatyna görä, administratiw we jenaýat jogapkärçiligine çekilen resmileriň hatarynda Gyrgyz energetika aksioner kompaniýasynyň başlygy, Gyrgyzystanyň energetika ministri we onuň orunbasary-da bar.

Geçen ýylyň sentýabrynda Gazagystandan satyn alnan 9 müň tonna golaý radioaktiw maddaly kömür geçen aý Gazagystana tabşyryldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG