Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Eýrana ýadro krizisi boýunça wagtyň tükenýändigini duýdurdy


Prezidenti Obama Günorta Koreýa bilen Demirgazyk Korýanyň araçägindäki “Demilitarizasiýa zonasy” diýlip atlandyrylýan ýerde Demirgazyk Korýanyň territoriýasyna dürbi arkaly syn edýär. 25-nji mart, 2012.
Prezidenti Obama Günorta Koreýa bilen Demirgazyk Korýanyň araçägindäki “Demilitarizasiýa zonasy” diýlip atlandyrylýan ýerde Demirgazyk Korýanyň territoriýasyna dürbi arkaly syn edýär. 25-nji mart, 2012.
Amerikanyň prezidenti Barak Obama Seula edýän saparynyň çäginde Günorta Koreýanyň Uniwersitetinde çykyş etdi. Obama öz çykyşynda global ýadro meseleleri boýunça gürrüň edip, bu ugurda öňegidişligiň gazanylandygyny nygtap geçdi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Eýrany onuň dawaly ýadro programmasy bilen bagly düşünişmezlikleri çözmek ugrunda “gyssagly” çäreleri görmäge çagyrdy. Şeýle-de Obama wagtyň tükenýändigini hem duýdurdy.

“Meseläni diplomatik ýol bilen çözmek üçin wagt bar. Men elmydama meseleleriň diplomatik ýol bilen çözülmeginiň tarapdary” diýip, Obama aýtdy. “Ýöne wagt çäkli. Eýranyň liderleri özleriniň bir ýoly saýlap almaly boljakdyklaryna düşünmeli. Eýran häzirki dörän ýagdaýlaryň möhümligine düşünip, bu meselä çynlakaý çemeleşmeli. Eýran öz borçnamalaryny ýerine ýetirmeli”.

Obama bu barada Halkara ýadro howpsuzlygy sammitiniň öňüsyrasynda Günorta Koreýanyň Uniwersitetinde çykyş etdi.

Obama Demirgazyk Koreýanyň liderlerine ýüzlenip, “parahatçylyga tarap hereket etmek üçin, özlerinde gaýrat tapmaga” çagyrdy. Şeýle-de ABŞ-nyň lideri döräp biljek prowokasiýlaryň mundan beýläk hem halkara ýazgarmasyny döretjekdigini aýtdy.

Obama Seula edýän saparynyň çäginde Günorta Koreýanyň Uniwersitetinde çykyş edýär, 26-njy mart.
Obama Seula edýän saparynyň çäginde Günorta Koreýanyň Uniwersitetinde çykyş edýär, 26-njy mart.
Obama Orsýet bilen gepleşikleri geçirip, diňe bir strategiki raketalaryň söweş kellelerini kemeltmek bilen çäklenmän, eýsem taktiki ýaraglaryň, şol sanda ätiýaçda duranlaryň hem azaldylmagy ugrunda tagalla etjekdigini aýtdy.

“Biz Orsýet bilen gepleşikleri geçirip, mundan öň hiç edilmedik işe baş goşarys. Ýagny, biz diňe bir strategiki raketalaryň söweş kellelerini kemeltmek bilen çäklenmän, eýsem taktiki ýaraglaryň, şol sanda ätiýaçda duranlaryň hem azaldylmagy ugrunda tagalla ederis” diýip, Obama aýtdy.

“Men bu meseleler dogrusynda maý aýynda prezident Wladimir Putin bilen duşuşanymda gürrüň etmekçi” diýip, Obama sözüni dowam etdirdi. “Bu gepleşikleriň gün tertibinde raketa hüjüminden goranyş sistemalary hem bolar. Men bu gepleşikleriň dartgynlylyk däl-de, hyzmatdaşlyk matlabyndan ugur aljakdygyna ynanýaryn”.

Obama çykyşynda ýadro materiallarynyň howpunyň öňüni almak boýunça öňegidişligiň gazanylandygyny aýtdy. Ol “hiç hili ham-hyýalda” gezilmeýändigini hem belläp geçdi.

Ol Ukrainany we Gazagystany şowly mysallar hökmünde getirdi. “Gazagystan ýaly döwletler özüniň ähli ýadro serişdelerini howpsuz ýerlere göçürdi” diýip, Obama aýtdy. “Meksika, edil düýn hem Ukraina ýokary derejede baýlaşdyrylan ähli uranyny özüniň çäklerinden çykaran döwletleriň hataryna goşuldylar. Gepiň gerdişine görä aýtsak, köp mukdardaky ýadro materiallary dünýäniň ahmal görülýän sebitlerinden aýryldy”.

Obama häzir ABŞ-da gereginden artyk ýadro ýaraglarynyň bardygyny aýdyp, olaryň mundan beýläk azaldylmagy netijesinde-de howpsuzlygyň üpjün edilip bilinjekdigini belledi.
XS
SM
MD
LG