Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Seulda ýadro howpsuzlygy boýunça sammit açylýar


Günorta Koreýanyň paýtagty Seulda dünýäniň 50-den gowrak döwlet liderleriniň gatnaşmagynda ýadro howpsuzlygy boýunça sammit açylýar.

Iki günlük sammite ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun hem gatnaşýar.

Sammitde ýadro terrorizminiň döremek howpunyň öňüni almak meseleleri boýunça maslahat edilýär.

Obama ýadro ýaragynyň howpuny peseltmek boýunça öz garaýyşlaryny 2009-njy ýylda Çehiýanyň paýtagty Pragada eden çykyşynda beýan edipdi. Şol çykyşdan bir ýyl soň, ýadro howpsuzlygy boýunça ilkinji sammit Waşingtonda geçirildi.

Seulda geçirilýän sammitiň çäklerinde Eýranyň we Demirgazyk Koreýanyň dawaly ýadro programmalary boýunça hem maslahatyň bolmagyna garaşylýar.

Demirgazyk Koreýa geljek aý uzak aralyga niýetlenen raketasyny kosmosa uçurmaklygy planlaşdyrýar.

Obama Demirgazyk Koreýanyň “howp abandyrmak” ýa-da “prowokasiýa” arkaly hiç zady gazanyp bilmejekdigini Phenýana duýdurdy.
XS
SM
MD
LG