Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ata ýiten ogluny gözleýär


Mary welaýatynyň Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy 74 ýaşly Muhy Orazmyradow geçen ýylyň awgustynda ýiten ogluny gözleýär. Ol bu ýagdaý bilen bagly kanun goraýjy organlara ýüz tutupdyr, emma sekiz aý bäri olardan anyk jogap alyp bilmändir. Oglunyň ýitişi barada Muhy aga Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

– Meniň oglumy Gorgazyň hojaýyny alyp gitdi işe diýip. 2011-nji ýylyň maý aýynyň başynda, ir sagat onlarda. Awgust aýynda: “Ogluňyz çölden gaçyp gaýdypdyr” diýip, maňa habar geldi. “Hakykatyň” birinji brigadasynda meniň oglum bilen bile işleýän oglanlar bar. Şolar aýtdy: “Sizin ogluňyz sagat bäşlerde awgust aýynda gaýtdy, öýüňize geldimi?”– diýip sorady. Menem “Ýok” diýdim. Ondan soň Gorgazyň hojaýynynyň üstüne bardym. Meniň oglum şeýle-şeýle diýsem: “Hä, gaýdypdyr, menem çalarak eşitdim. On gün hiç ýerik şikaýat etme milisiýa, beýlekä. Men gözläýin” diýdi. Şondan bärem garaşýan, şol oglandan öli-diri derek ýok.

Azatlyk Radiosy: Gorgazyň hojaýyny näme üçin on gün hiç ýere arza-şikaýat etme diýdi?

– “Men özüm gözlejek. Hepdäniň altynjy güni, bazar güni meniň boş günüm. Şu wagt maşynymam saz däl, şony oňardaýyn. Onsoň gözlejek. Arza-şikaýat etmäň” diýdi. Bizem şoňa ynanyp, birnäçe wagtymyzy ýitirdik. Soň milisiýa bardyk, prokuratura arza bilen ýüz tutduk.



Azatlyk Radiosy: Arzaňyza nähili jogap berdiler?

– Häzir-ä derek ýok. “Gözleýäris” diýýär. Biz eýläk geçsegem, beýläk geçsegem uçastkowoýdan soraýarys, aramyz ýakyn. Peýda ýok. Arzany berdik ikisine-de. Prokuraturadam, uçaskowoý milisiýa-da. Ýazmaça jogap alamyzok.

Azatlyk Radiosy: Muhy aga, ogluňyzy özüňiz gözläp gördüňizmi?

– Özüm maşynly gidip aýlandym şonuň işlän ýerlerini. Daşam däl eken. Soltanbendiň suw başnýasy bar, şondan aňryk bolsa bir otuz kilometr. Giçlik bäşde gaýdypdyr bir boklažka suw alyp.

Azatlyk Radiosy: Ogluňyz işlän ýerinde ýekemidi ýa ýanynda başga adamlaram barmydy?

– Olar dört adam. Ikisi mal bakýar. Biri suwçy, birem çörek zat bişirýän. Dört adam bir guýuda. Üçüsi galýar, “Ine, taýagyň, malyň” diýip, gaýdýar sagat bäşlerde. Şondan bäri derek ýok. Men oglanlaryň üçüsindenem soradym: “Gygyryşdyňyzmy, uruşdyňyzmy?” diýip. Olar aýtdy : “Biz urşamyzok, gygyrşamyzok, agzybir. Şunça wagt boldy meni çalyşjak diýdi, hiç wagtam çalşanok, Alladýar, gidýär barýar” diýdi. Şoňa adam tapman, çalyşmandyr wagtynda. Dynç bermändir, çalyşmandyr, gök-sögem iýmek-içmek gereg-ä! Şeýdibem gaýdypdyr. Özi aýtdy diýýär: “Özüňiz gözläň” diýip, günäni öz üstüne ýükläp gaýtdy” diýip.

Azatlyk Radiosy: Muhy aga, ogluňyz ýitenden näçe gün geçensoň sizden soradylar ogluňuz geldimi diýip?

– 15-20 gün. Toý bolýar, sadaka bolýar, köpüň üýşen ýeri bolýar, soraýarys, onda-munda garyndaşymyz bar, tanşymyz bar. Şondan bäri, ine, gözläp ýörüs. Orazmyradow Atadurdy, awgust aýyndan bäri ýitirim. Kim-de kim bilýän bolsa, tapyp berse, baýragyny berjek, ullakan taňryýalkasyn aýtjak.

Azatlyk Radiosy: Ogluňyzyň daş sypaty, boýy, gylyk-häsiýeti barada-da aýtsaňyz…

– 36 ýaşynda, bugdaýreňk, orta boýly, häsiýeti gowy, akylly, sekiz klasy gutardy, gaharjaň-a däl. Eli arassa, maldan başy çykýar, işden gaçanok, işeňňir. Ine, öýümizde bolýardy bäş-dört mal. Ýaşlykdan şolary derýanyň gyrasyna eltip bakýardy. Hökümetiň iş-ä ýok. Hususy mal bakýar-da.

Toýda, sadakada seslenýärin: “Diri ýitigimiz bardyr. Kömek ediň, eger tapsaňyz aýdyň” diýip. Gören-eşiden bolsa, habar beriň. Ýolöten şäheriniň Atçapar köçesiniň 149-njy jaýy. Ine, daşary ýurt programmalarynda bar, ýiten adam bolsa, şeýle kynçylyga düşen bolsa, gözleýärler, tapyp berýärler. Biziňem Türkmenistanymyzda şonuň ýaly ýagdaý bolaýady-da.
XS
SM
MD
LG