Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň Yslam hereketiniň ýokary derejeli lideriniň öldürilendigi aýdylýar


NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçleriň berýän maglumatyna görä, “Al-Kaýda” bilen baglanyşygy bolan Özbegistanyň Yslam Hereketiniň (ÖYH) uly komandiri ýaranlygyň esgerleri tarapyndan Owganystanyň demirgazyk günbatarynda öldürilipdir.

Howpsuzlyk kömegi boýunça halkara güýçleriniň (ISAF) sişenbe güni ýaýradan beýanatynda Owganystanyň ýörite goşunynyň we NATO-nyň esgerleriniň Magtym Nusraty we ÖYH-niň söweşijilerini duşenbe güni öldürendikleri aýdylýar. Ol Owganystanyň demirgazyk welaýatlarynda owgan we ýaranlygyň harbylaryna garşy hüjümlere ýolbaşçylyk edenlikde, şeýle hem Owganystanyň parlament agzasyny öldürmekligi planlaşdyranlykda aýyplanypdy.

ÖYH-niň Özbegistanda, Täjigistanda, Gyrgyzystanda we Owganystanda aktiw iş alyp barýanlygy aýdylýar. Bu toparyň liderleri Merkezi Aziýada Yslam Halifatlygyny döretmekligi maksat edinýändiklerini yglan edipdiler.
XS
SM
MD
LG