Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mýanmaryň oppozisiýasy öz lideriniň ýeňiş gazanandygyny aýdýar


Ýekşenbe güni giçlik Mýanmaryň oppozisiýasy demokratiýa tarapdar oppozisiýa lideri Aung San Su Çiniň parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanmak üçin ýeterlik ses alandygyny yglan etdi.

Ýöne bu beýanat heniz deslapky beýanat bolmagynda galýar. Ýekşenbe günki saýlawlar Mýanmaryň 664 orunlyk parlamentinde boşan 45 sany boş orun üçin geçirildi.

Bu saýlawlar Mýanmarda onlarça ýyllap ýurdy dolandyryp gelen harby diktatura häkimiýetden gidenden soň, oppozisiýanyň gatnaşmagynda geçirilýän ilkinji demokratik saýlaw hasaplanylýar.

Ýekşenbe güni parlamentdäki orunlara dalaş eden kandidatlaryň hatarynda onlarça ýyllap oý tussaglygynda saklanan belli oppozisiýa lideri, Nobel baýragynyň laureaty Aung San Su Çi hem boldy.

Saýlawlaryň gutarnykly netijesi ýakyn günlerde yglan ediler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG