Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda milli suw baýramçylygy bellenilip geçilýär


Ýekşenbe güni Türkmenistanda “Suw damjasy – altyn dänesi” ady bilen milli suw baýramçylygy bellenilip geçilýär.

Bu waka bagyşlanylyp, şenbe güni Aşgabatdaky Oba hojalyk uniwersitetinde suw meselesine bagyşlanylyp, ýörite ylmy konferensiýa geçirildi.

Bu konferensiýa suw hojalygy ugrundan türkmenistanly spesialistler bilen birlikde, käbir daşary ýurtlaryň spesialistleri-de gatnaşdylar.

Şenbe günki konferensiýadan soň, Aşgabatdaky “Altyn ýyldyz” atly medeni merkezde ýurduň abadançylygy hem-de prezident G.Berdimuhamedowyň baş saglygy üçin baýramçylyk sadakasynyň-da berlendigi habar berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG