Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda Siriýadaky krizis maslahat edilýär


Siriýanyň Idlib prowinsiýasyndaky daglyk raýonda oppozision söweşijiler hökümet güýçleriniň geçjek ýerlerinde päsgelçilikler döredýärler. Idlib, 20-nji mart, 2012.
Siriýanyň Idlib prowinsiýasyndaky daglyk raýonda oppozision söweşijiler hökümet güýçleriniň geçjek ýerlerinde päsgelçilikler döredýärler. Idlib, 20-nji mart, 2012.
Ýekşenbe güni dünýäniň 60-dan gowrak ýurdunyň wekilleri Siriýadaky krizisi ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkiýäniň Stambul şäherinde maslahata ýygnandylar.

Bu maslahatyň öňýany eden çykyşynda “Siriýanyň Milli Geňeşi” atly oppozision toparynyň başlygy Burhan Galioun daşary döwletleri Siriýadaky “Azat Siriýa Armiýasy” atly oppozision güýçleri ýaraglandyrmaklyga çagyrdy.

Şeýle hem, ol Siriýanyň bu oppozision güýçleriniň düzüminde söweş alyp barýan esgerleriň we ofiserleriň hemmesine yzygiderli aýlyk haklarynyň tölenjekdigini mälim etdi.

“Siriýanyň Milli Geňeşi” atly oppozision toparynyň başlygy Burhan Galioun. Pariž, 26-njy dekabr, 2011.
“Siriýanyň Milli Geňeşi” atly oppozision toparynyň başlygy Burhan Galioun. Pariž, 26-njy dekabr, 2011.
Bu maslahata gatnaşýan Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton BMG-niň we Arap Ligasynyň ýörite wekili Kofi Annan tarapyndan hödürlenen parahatçylyk planyny durmuşa geçirmek barada Siriýanyň režiminiň beren öz wadasynda durmaýandygyny belledi.

Şeýle-de, ol Siriýanyň oppozisiýasyna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kommunikasiýa goldawlaryny berýändigini we oppozisiýany “syýasy hereket planyny” işläp düzmäge çagyrýandygyny aýtdy.

Basyşlar barada pikir alşylar

Bu maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri Siriýadaky gandöküşikleriň öňüni almak üçin Başar al-Assadyň režimine basyş görkezmekligiň ýollary barada pikir alşarlar.

Bu konferensiýanyň öňýany Türkýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogan halkara jemgyýetçiligini Siriýanyň halkynyň özüni goramak meselesinde bu ýurduň halkyna goldaw bermeklige çagyrdy.

Stambuldaky konferensiýanyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda bolsa, Rejep Taýýyp Erdogan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň bu meselede öz üstüne jogapkärçilik almak islemedik halatynda, halkara jemgyýetçiligine Siriýanyň halkynyň öz-özüni goramak hukugyny ykrar etmekden başga ýol galmajakdygyny nygtady.

“Siriýanyň Milli Geňeşi” atly oppozision toparynyň başlygy Burhan Galioun öz gezeginde Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň BMG we Arap Ligasy tarapyndan hödürlenen parahatçylyk planlaryny durmuşa geçirjekdigine ynanmaýandygyny aýtdy.

BMG-niň we Arap Ligasynyň bu plany Siriýadaky söweşleriň haýdan-haý bes edilmegini, hökümet bilen oppozisiýanyň haýdan-haý gepleşiklere başlamagyny hem-de halkara gumanitar ýardam guramalarynyň bu ýurda goýberilmeklerini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG