Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdatda planlaşdyrylan barlyşyk maslahaty yza süýşürildi


Çarşenbe güni Yragyň parlament spikeri Osama al-Nujaifi dürli syýasy we etniki toparlaryň milli barlyşyk barada geçirmekçi bolan maslahatynyň yza süýşürilýändigini mälim etdi.

Ol şu hepdäniň penşenbe gününe planlaşdyrylan bu maslahatyň edil häzir ýagdaýy has-da dartgynlaşdyrmagynyň mümkindigini aýtdy. Ýöne ol bu barlyşyk maslahatynyň indi haçan geçirilip bilinjekdigi barada belli bir garaýşy öňe sürmedi.

Soňky wagtlar Yragyň sünni toparlary şaýylaryň agdyklyk edýän hökümetini sünni syýasatçylaryna basyş görkezmekde we olary gyraklatmakda aýyplap gelýärler.

Kürdüstan regionynyň syýasatçylaram bu regionyň statusy we nebit ýataklarynyň eýeçiligi bilen bagly meselede merkezi hökümet bilen umymy bir dil tapyp bilmän gelýärler.
XS
SM
MD
LG