Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MHM-niň ygtyýarlygy güýçlendirildi


Aşgabat, 2010-njy ýyl.
Aşgabat, 2010-njy ýyl.
Türkmenistanyň Jenaýat prosessual kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bu barasynda Türkmenistanyň resmi metbugaty 2-nji aprelde habar berdi.

Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň 30-a golaý maddasy boýunça edilen jenaýatlara mundan beýläk Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi seretmeli edildi. Öň bu jenaýat işlerine ýurduň Baş prokuraturasy we Içeri işler ministrlgi seredýärdi.

Aşakda görkezilen maddalar boýunça jenaýat işlerine mundan beýläk Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi sereder:

167 madda. Urşy wagyz etmek
168 madda. Genosid
169 madda. Hakyna tutma
170 madda. Halkara goragyndan peýdalanýan adamlara çozuş etmek
171 madda. Döwlete dönüklik etmek
172 madda. Içalylyk
173 madda. Ýykgynçylyk (diwersiýa)
174 madda. Häkimiýeti basyp almak maksady bilen dildüwşük etmek
175 madda. Konstitusion gurluşy zorlukly üýtgetmäge bolan çagyryşlar
176 madda. Türkmenistanyň Prezidentine kast etmek
177 madda Durmuş, milli ýa-da dini duşmançylygy döretmek
178 madda. Döwlet nyşanlarynyň hormatyny gaçyrmak
179 madda. Döwlet syrynyň aýan edilmegi
180 madda. Döwlet syry bolan resminamalaryň ýitirilmegi
214 madda. Türkmenistanyň Döwlet serhedinden bikanun geçilmegi
215 madda. Türkmenistanyň Döwlet serhediniň kada-düzgüne ters üýtgedilmegi
254 madda. Kontrabanda
271 madda. Terrorçylyk
272 madda. Terrorçylyk wakasy hakynda görnetin ýalan habar
273 madda. Bikanun ýaragly düzümleri döretmek ýa-da şoňa gatnaşmak
276 madda. Köpçülikleýin bidüzgünçilikler
277 madda. Howa gämisiniň, suw gämisiniň ýa-da gatnadylýan demir ýol wagonlar düzüminiň ogryn äkidilmegi ýa-da birugsat eýelenmegi
283 madda. Radioaktiw materiallaryň bikanun ulanylmagy
284 madda. Radioaktiw materiallary ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy
285 madda. Radioaktiw materiallaryň ogurlanylmagy ýa-da gorkuzyp alynmagy
332 madda. Halkara uçuşlarynyň düzgünleriniň bozulmagy

Bu üýtgetmeler we goşmaçalar barasynda Azatlyk Radiosyndan Nazar Hudaýberdi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen ýakyndan gyzyklanýan aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Aşyrguly, Türkmenistanyň Jenaýat prosessual kodeksine nähili üýtgetmeler, goşmaçalar girizilipdir? Göze ilýän nähili täzelikler bar?

Aşyrguly Baýryýew: Umuman, şu täze üýtgetmelerde, goşmaçalarda uly bir üýtgeşiklik ýok diýerlik. Eger girizilen bolsa, köplenç redaksion häsiýetli. Terminler köplenç türkmenleşdirilipdir. Mysal üçin, “sosial” termini-adalgasy “durmuş” diýlip alnypdyr. Şunuň ýaly ownukly-uşakly üýtgeşmeler bar.

Ondan başga-da käbir maddalarda edilen jenaýat üçin kesilýän ýyl, ýagny temmi möhleti azaldylypdyr. Ine, mysal üçin 277-nji maddany alsak, “howa gämisiniň, suw gämisiniň ýa-da gatnadylýan demirýol sostawynyň ogryn äkidilmegi ýa-da birugsat eýelenmegi”.

2010-njy ýylda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi täze redaksiýada kabul edildi. Şonda şu agzalýan madda boýunça jeza çäresi sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli diýlip görkezilipdi. Indi bolsa ol birneme liberallaşdyrylypdyr, şu madda boýunça jenaýat edeni bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek göz öňünde tutulýar. Elbetde, bu gowy zat, belli bir derejede ýumşadylypdyr.

Azatlyk Radiosy: Aşyrguly, 30-a golaý madda boýunça edilen jenaýat işlerine mundan beýläk Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi seretmeli edilipdir. Bu täzelik nähiliräk netijeleri berer we näme üçin şol işlere seretmek ygtyýarlygy Içeri işler ministrliginden Milli howpsuzlyk ministrligine geçirildikä?

Aşyrguly Baýryýew: Başda sanap geçen maddalaryň köpüsi boýunça ozalam Türkmenistanyň MHM–niň sülçüleri derňew işlerini alyp barýardy. Ýagny, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň düzüminde ýörite derňew edarasy bar. Şol derňew edarasynyň sülçüleri, prokurorlary bar. Olar belli bir derejede şu derňew işlerini Baş prokuraturanyň gözegçiliginde, ýolbaşçylygynda alyp barýarlar. Sebäbi MHM-niň sülçüleri ol ýa-da beýleki jenaýatda aýyplanýan ýa-da bir jenaýat edendir diýip güman edilýän adamy saklamak, tussag astyna almak üçin sanksiýany Baş prokuraturadan alýarlar. Ýöne soňra olar derňewi özbaşdak alyp baryp, soňubilenem şol jenaýat işini suda geçirýärler. Indi Türkmenistanyň prezidenti kimiň haýsy maddalar esasynda jenaýat işini gozgamalydygyny, şol işi alyp barmalydygyny kesgitläpdir.

Azatlyk Radiosy: Aşyrguly, indi şundan işi derňewdäki adamlara, olaryň dogan-garyndaşlaryna ýeňillik, peýda gelmegi mümkinmi?

Aşyrguly Baýryýew: Meniň pikirimçe, MHM-niň alyp barýan işlerinde jenaýatda günäkärlenýän adam üçinem, belli bir derejede olaryň hossarlary üçinem ýeňillikler bolar diýip, pikir edýärin. Sebäbi MHM-de tertip-düzgün beýleki edaralara garanyňda has ýola goýlan hem-de MHM-de korrupsiýa ýok diýerlik. Baş prokuraturada ýa IIM-de bolsa korrupsiýa, gynansak-da, bar. Şonuň üçinem jenaýat işleriniň adalatly alnyp barylmaýandygy, kä halatlarda para-peşgeşe, tanyşparazlyga ýol berilýänligi barada il arasynda gürrüňler bar. Şol gürrüňleriňem, elbetde, jany bar.
XS
SM
MD
LG