Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanda janyndan geçenleriň hüjüminde azyndan 17 adam öldi


Owganystanyň günortasyndaky etrap polisiýasynyň binasynda janyndan geçeniň amala aşyran hüjüminde sekiz polisiýa işgäri öldi, başga-da ençeme adam ýaralandy.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, janyndan geçen hüjümçi Helmand welaýatynyň Musa Kala etrabynyň polisiýa binasynyň girelgesinde özüni partladypdyr.

Mundan öň, Hyrat welaýatynyň Guzara etrabynda janyndan geçeniň amala aşyran hüjüminde azyndan dokuz adam öldi, 20 töweregi hem ýaralandy. Ölenleriň arasynda howpsuzlyk işgärleriniň we adaty raýatlaryň bardygyny ýerli polisiýa habar berýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG