Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde polisiýa baradaky arzlara garalyp başlandy


Ýelena Isaulowa: "Olar meni golaýdaky bir derýanyň golaýyna eltip, häzir biz seniň kelläňi mynjyradarys, saňa neşe serişdelerini taşlarys, soňundan hem seni derýa oklarys diýdiler".
Ýelena Isaulowa: "Olar meni golaýdaky bir derýanyň golaýyna eltip, häzir biz seniň kelläňi mynjyradarys, saňa neşe serişdelerini taşlarys, soňundan hem seni derýa oklarys diýdiler".
Orsýetli iki çaganyň enesi, 46 ýaşly Ýelena Isaulowa polisiýanyň rehimsiz urgularyny başdan geçirip, diri gezip ýörendigi üçin özüni juda bagtly bir adam hasaplaýar.

Ýelena Isaulowanyň gürrüň bermegine görä, Orsýetiň Pýatigorsk şäherinde iki sany polisiýa işgäri ony tussaghana salyp, ellerini gandal bilen baglap, onuň kellesine, ellerine we aýaklaryna urup, gazaply ýenjipdir.

Ýelena Isaulowa üçünji bir polisiýa işgäri ara goşulmadyk bolsa, onda beýleki ikisiniň özüni tä ölinçä ýenjip biljekdiklerini aýtdy.

Ol: “Meniň endam-janym sypyryldy, ellerim döwük-ýenjik, sebäbi olar meniň ellerimi gandal bilen bagladylar. Olar meni golaýdaky bir derýanyň golaýyna eltip, häzir biz seniň kelläňi mynjyradarys, saňa neşe serişdelerini taşlarys, soňundan hem seni derýa oklarys. Seni hiç kim gözläp hem durmaz diýdiler” diýip, ýatlady.

Ýagdaý özgerýäne meňzeýär

Bu bolan wakadan 6 ýyl geçen hem bolsa, bu iş boýunça hiç hili derňew ýola goýulmady. Ýelena Isaulowa öz şikaýatlarynyň ählisiniň duşdan geçirilendigini aýdýar.

Eger polisiýanyň bikanun hereketlerine garşy şikaýat etmek üçin telefon liniýasy açylmadyk bolsa, Isaulowanyň bu başdan geçirmesi hiç haçan orta hem çykmazdy.

Ýelena Isaulowa adam hukuklaryny goraýjy “Agora” merkezine ýüz tutan beýleki onlarça orsýetlileriň biri. “Agora” polisiýanyň amala aşyran rehimsiz eden-etdiliklerini täzeden orta çykarýar. Bu işleriň käbiriniň üstünden on ýyl çemesi wagt geçipdir.

Bu gurama ýüz tutýanlaryň köpüsi öň öz arzy-derdini aýtmaga gorkan bolsalar, beýlekileriň şikaýatlary ýer almandyr. Emma geçen aý Kazanda 52 ýaşly Sergeý Nazarowyň tussaghanada wagşylyk bilen öldürilmeginiň yzýany dörän gahar-gazabyň netijesinde biçäre galan adamlaryň ýagdaýy özgerip başlana meňzeýär.

Ençeme ýyllaryň dowamynda öz gaharyny bialaç içinde saklan çäresiz raýatlar indi “Agora” ýaly merkezlere ýüz tutup, içlerini döküp başladylar.

Köneden gelýän dert

“Agora” merkezinden Ilnur Şarapow polisiýanyň rehimsizliginiň hemişe-de giňden ýaýran bir hadysa bolup gelendigini aýdýar. Emma, onuň aýtmagyna görä, Sergeý Nazarowyň öldürilmegi gazaplylykdan ejir çeken adamlaryň sabyr käsesini doldurypdyr.

Ol: “Bu şeýle bir gazaply we elhenç ýagdaý boldy. Munuň netijesinde öňden bäri dowam edip gelýän bir dartgynlylyk partlady. Ahyrsoňy jemgyýet munuň hakykatdan hem bir problemadygyny aňdy” diýip belledi.

“Agora” merkezine gije-gündiziň dowamynda Orsýetiň 31 regionyndan jaňlar gelýär.

Moskwanyň polisiýasynyň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, polisiýanyň resmileri “Agora” merkezine ýüz tutanlaryň arzalaryna seredýärler.

Şarapowyň bellemegine görä, eger-de polisiýanyň eden-etdiligine garşy çäre görülmese, munuň netijesinde jemgyýetde döreýän gahar-gazap ýurduň başyndaky resmilere-de howp salyp biler.
XS
SM
MD
LG