Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň öňki goranmak ministri 5 ýyl azatlykdan mahrum edildi


Ukrainanyň öňki goranmak ministri öz wezipesinden galp peýdalananlykda aýyplandy we 5 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Ol Ýuliýa Timoşenko premýer-ministr wagtynda ministr bolupdy.

12-nji aprelde Kiýewiň sudy Waleriý Iwançenkony ýeri hususylaşdyrmak bilen bagly galplykda aýyplady. Onuň döwlet býüjetine 10 million dollar töweregi zyýan ýetirendigi aýdylýar.

Iwançenko özüne garşy sudy “ bikanun we adalatsyz ” diýip atlandyrdy. Ol 2010-njy ýylyň martynda tussag edilipdi we şondan bäri wagtlaýyn tussaghanada saklanypdy.
XS
SM
MD
LG