Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň ýadro gepleşikleri “oňyn atmosfera” bilen başlandy


Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu ÝB-niň daşary syýasat başlygy Katerin Aşton bilen gürleşýär. Stambul, 13-nji aprel, 2012.
Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu ÝB-niň daşary syýasat başlygy Katerin Aşton bilen gürleşýär. Stambul, 13-nji aprel, 2012.
Ýewropa Bileleşigi şenbe güni Eýran bilen dünýäniň alty döwletiniň arasynda Tähranyň ýadro programmasy barada Stambulda geçýän gepleşikler “oňyn atmosfera” bilen başlandy diýdi.

Sözçi Maýkl Man žurnalistlere “ol ýerde esasly progres üçin isleg bar” diýdi. Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Katerin Aştonyň sözçüsi “ol taýda heniz ylalaşmazlyk ýok” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu gepleşiklere 15 aýda ilkinji gezek Eýran we P5+1 gepleşik topary üçin ýyllara çeken şübhe petiginden çykalga agtarmaga bir mümkinçilik hökmünde garalýar. Eýran öz ýadro programmasyny ýadro ýaragany edinmek üçin ulanýandyr öýdülýär.

P5+1 BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň bäş hemişelik agzasyny we Germaniýany öz içine alýar.

ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Eýrana garşy eýýäm bir topar sanksiýa girizdi. Ýöne Ýewropa Bileleşigi Tähranyň BMG-niň hyzmatdaşlyk talabyny ýerine ýetirmänligi sebäpli, şu tomus Eýranyň nebit importuna garşy has köp sanksiýa girizmekçi. BMG Eýrandan öz ýadro programmasy barada has köp maglumat bermegi talap edipdi.

Eýran öz ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlara niýetlenendigini aýdýar.

Günbatar resmileri gepleşikleriň öňünden Eýranyň çyn ýürekden gepleşmegini talap etdiler. Germaniýanyň daşary işler ministri Guýdo Westerwelle Berlinde çap eden beýanatynda “taktiki oýunlaryň döwri bireýýäm ötdi” diýdi. Şeýle-de ol bu gepleşikleriň ýeňil bolmajagyny çaklady.

ÝB-niň sözçüsi Maýkl Man şenbe güni Stambuldaky gepleşiklerde nähilidir bir anyk öňegidişlik barmy diýen soraga jogap berip, “bu näme boljagyna bagly” diýdi. Ol Stambul gepleşiklerinde belli bir derejede öňegidişlik bolsa, Günbatar döwletleri geplişikleriň ikinji tapgyryny teklip eder diýdi.

Emma Maýkl Man “Biz ilki gepleşikleriň birinji tapgryny geçirmeli” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Habar gulluklary gepleşiklere gatnaşýan diplomatlara salgylanyp, taraplaryň ikisiniň hem gepleşikleriň täze tapgyryny maýda geçirmek barada gürrüň edýändiklerini ýazýarlar. Eýran islendik indiki tapgyryň Bagdatda geçirilmegine aýak depýär.
XS
SM
MD
LG